2.9k+

Mýanmada ýantarda ýaşy 99 mln ýyl bolan çybyn liçinkasy tapyldy

Mýanmadaky Kaçin ştatynda ýaşy 99 mln ýyl bolan ýantar böleginde häzire çenli belli bolanlaryň arasynda iň gadymy çybyn liçinkasy tapyldy diýip, Independent habar berýär. Tirannozawrlaryň döwürdeşi bolan bu tapyndy ozal näbelli görnüşiň wekili bolup çykdy...

6.4k+

Häzire çenli işleýän iň gadymy bäş kompaniýa atlandyryldy

Köp startaplaryň hatda on ýyl hem işlemän ýapylýan häzirkizaman işewürlik dünýäsinde ýüzlerçe ýyl bäri işleýän kärhanalar bar. Şeýle-de, nähili geň galdyryjy bolsa-da, dünýäde müňýyllyklary başdan geçirip, häzirem işlemegini dowam etdirýän kompaniýalar hem bar...

6.4k+

Hytaý taýkonawtlary ilkinji gezek agramsyzlyk şertlerinde towuk ganatlaryny bişirdiler

Hytaýyň “Týangun” orbital stansiýasynyň bortunda ilkinji gezek agramsyzlyk şertlerinde et bişirildi. “Şençžou-20” we “Şençžou-21” missiýalarynyň taýkonawtlary nýu-orlean stilinde towuk ganatlaryny we gara burç bilen steýk bişirip, adaty agşamlygy hakyky baýramçylyga öwürdi diýip, Interesting Engineering portaly habar berýär...

9.7k+

Aktrýor Jessi Aýzenberg ýat adama böwregini mugt berer

Amerikaly režissýor we aktýor, “Sosial tor” («Социальная сеть») hem-de “Ýalanyň boş hyýaly” («Иллюзия обмана») filmleriniň ýyldyzy Jessi Aýzenberg näbelli adama böwregini sowgat etjekdigini aýtdy. Bu barada ol NBC teleýaýlymynyň irdenki şüweleň gepleşiginde, “Ýalanyň boş hyýaly 3”  filmindäki kärdeşleri bilen geçirilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi...

15k+

Lionel Messä amerikan şäheriniň açary gowşuryldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi Maýami şäheriniň simwoliki açaryny aldy. Oňa baýragy America Business Forum-daky çykyşyndan soň şäheriň häkimi Frensis Suares gowşurdy diýip, ESPN habar berýär. “Men siziň şäherimiz, ýurdumyz we tutuş futbol dünýäsi üçin bitiren işleriňiz üçin şu açary gowşurmak isleýärin...

1.6k+

ÝUNESKO-nyň ýolbaşçysy wezipesine belli müsürşynas Haled al-Anani saýlandy

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) penşenbe güni Haled al-Ananini guramanyň täze baş direktory hökmünde tassyklady. ÝUNESKO-nyň habarynda aýdylmagyna görä, guramanyň Samarkantda geçirilen 43-nji Baş Konferensiýasynda al-Ananiniň dalaşgärligini 172 ýurt goldady, 2 ýurt garşy ses berdi, 1 ýurt bolsa saklandy...

4.3k+

Türkmen okuwçylary Panamada "Robotlaryň Olimpiadasynda" birinji orny aldylar

Türkmenistanly mekdep okuwçylary 29-njy oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Panama Respublikasynda geçirilen “Robotlaryň Olimpiadasynda” üstünlikli çykyş etdiler. Mekdep okuwçylarymyz “Skills Challenge”, ýagny robotlaryň ýekelikde özbaşdak işleri ýerine ýetirişi boýunça 1-nji derejeli diploma mynasyp bolmagy başardylar...

3.6k+

“Godzilla: Minus bir” filminiň dowamy “Godzilla: Minus nol” adyny alar

Resmi Godzilla Official by Toho YouTube kanalynda “Godzilla: Minus bir” filminiň dowamynyň ilkinji tizeri çykdy. Täze bölüm “Godzilla: Minus nol” adyny aldy. Režissýor, ssenariçi we wizual effektler boýunça ýolbaşçy ýene-de birinji filmi döreden Takasi Ýamadzaki bolar...

4.1k+

Hublot suratkeş Deniel Arşamyň art-dizaýny bilen täze goşar sagadyny hödürledi

Şweýsariýanyň Hublot sagat kompaniýasy bilen amerikaly suratkeş Deniel Arşam ikinji bilelikdäki işini – Hublot MP-17 Meca-10 Arsham Splash Titanium Sapphire goşar sagadyny hödürledi. Arşam häzirkizaman predmetlerini daşa öwrülen ýa-da “heläkçilikden soňky geljegiň tapyndylary” ýaly şekillendirýän sungat obýektleri bilen tanalýar...

8.1k+

Patyşa Karl III Dewid Bekheme rysarlyk derejesini berdi

Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Dewid Bekheme futbolyň we britan jemgyýetiniň öňünde bitiren hyzmatlary üçin rysarlyk derejesini berdi. Dabara 4-nji noýabrda Berkşir graflygyndaky Windzor galasynda geçirildi diýip, BBC mediakorporasiýasy habar berdi...

1k+

OpenAI Amazon bilen 38 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy

OpenAI “Amazon Web Services” (AWS) bilen ýedi ýyllyk 38 milliard dollarlyk strategik şertnama baglaşdy diýip, Bloomberg habar berýär. Şertnama laýyklykda, OpenAI Nvidia CORP.-yň ýüzlerçe müň grafiki prosessorlaryna (GPU) girmäge mümkinçilik alar...

7.6k+

ABŞ-da dowam edýän şatdaun taryhda iň dowamlysy boldy

ABŞ-da hökümet işiniň togtadylmagy ýurduň tutuş taryhynda iň dowamlysy boldy diýip, NBC News habar berýär. Ol 1-nji oktýabrda başlady we eýýäm 35 gün bäri dowam edýär. Mundan öň federal edaralaryň işiniň rekord dowamlykda togtadylmagy 2019-njy ýylyň başynda Donald Trampyň ilkinji prezidentlik döwründe bolup geçdi...

7.1k+

IT NOKADY - IT öwrenmek isleýänler üçin okuwlara ýazylyşyk başlatdy

IT Education Academy okuw merkezi ähli okuw maksatnamalary üçin ýazylyşyk başlatdy. IT NOKADY iň zerur IT başarnyklaryny öwrenmäge we arzuwyňdaky işe tarap ädim ätmäge mümkinçilik berýär. IT Nokady (IT Education Academy) — Iş Nokady kompaniýasy tarapyndan döredilen okuw taslamasy bolup, sanly başarnyklary ösdürmek we IT ulgamynda hünär taýýarlygyny bermek maksady bilen işlenip düzüldi...

14k+

Türkmenistan Owganystana duýgudaşlyk bildirdi we ynsanperwerlik kömegini bermäge taýýardygy barada aýtdy

Türkmenistan Owganystanyň demirgazygynda bolup geçen we adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren ýertitremesi bilen baglanyşykly Owganystana duýgudaşlyk bildirdi. Bu barada 4-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Owganystanyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Fazal Muhammad Sabir bilen duşuşygynda aýtdy...

4.4k+

Bitkoiniň bahasy 100 müň dollardan aşak düşdi

5-nji noýabrda söwdalaşyklaryň barşynda bitkoin kriptowalýutasynyň bahasy 100 müň dollardan aşak düşdi. Muňa Binance kriptobiržasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär. Gije Aşgabat wagty bilen 01:18-de esasy kriptowalýutanyň bahasy 99600 dollar çenli düşdi...

2.9k+

Aşgabat atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşyk möwsümi jemlendi

Aşgabat atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşyk möwsüminiň jemleýji çapuwlary geçirildi. Bedewler dürli aralykdan on gezek çapuwa goşuldy diýlip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär. Güýzki möwsümiň ýapylyşy mynasybetli guralan at çapyşyklary ikiýaşar atlaryň 1000 metr aralykdaky ýaryşy bilen badalga aldy...