20-nji ýanwarda Ýerde güýçli magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar

  • 19.01.2026 15:18
  • 8.5k+

20-nji ýanwarda, sişenbe güni, Ýerde G3 we G4 derejeli magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi.

Alymlaryň maglumatlaryna görä, tupanlar gönüden-göni Ýere tarap gönükdirilen Gün plazmasynyň zyňyndylary sebäpli ýüze çykýar.
Barlaghananyň saýtynda bellenilişi ýaly, G3 derejeli magnit tupany güýçli, G4 derejeli bolsa örän güýçli hasaplanýar.
Mundan öň, 18-nji ýanwarda, Günde 2026-njy ýylda ilkinji X toparyna degişli ýokary kuwwatly alawlama hasaba alyndy. Ol Ýeriň garşysyndaky görünýän Gün diskiniň merkezi böleginde ýerleşýän işjeň № 4341 böleginde bolup geçdi.
Alawlamanyň iň ýokary derejesi Aşgabat wagty bilen 23:09-da hasaba alyndy, onuň güýji bolsa X1.95 diýlip hasaplandy. Soňky gezek has güýçli Gün hadysasyna geçen ýylyň 14-nji noýabrynda syn edilipdi.  


15.06.2026 22:20
5.8k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

11.05.2026 11:37
5.1k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4.3k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.3k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...