Türkmenistan Frankfurtda geçirilen Heimtextil 2026 öý tekstili sergisine gatnaşdy

  • 19.01.2026 15:02
  • 2.7k+

Türkmenistan Germaniýanyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde ýerleşýän «Messe Frankfurt» halkara sergi merkezinde öý tekstili üçin dünýäniň iň ähmiýetli sergilerinden biri bolan «Heimtextil 2026» sergisine gatnaşdy. Sergi 13-16-njy ýanwar aralygynda geçirildi.

«Heimtextil» — öý, myhmanhana, ofis, söwda merkezleri we beýleki hususy we döwlet desgalary üçin dokma çözgütlerini öndürýän, dizaýner, üpjün ediji we alyjylar üçin möhüm çäre bolup durýar. Şu ýyl sergä 65-den gowrak ýurduň 3 müňden gowrak kompaniýa gatnaşdy, olar giň möçberli önümleri — öý we bezeg tekstilinden başlap, myhmanhana we şertnama segmentleri üçin çözgütler hödürlediler.
Türkmenistanyň milli pawilýonynda Dokma senagaty ministrligi milli öndürijileriň tebigy pagta esasynda öndürilen baý önümler toplumy bilen çykyş edip, türkmen dokma pudagynyň ýokary hilini, döredijilikli çemeleşmeleri we häzirki ösüş tendensiýalaryny görkezmäge mümkinçilik döretdi.
Türkmenistanyň wekiliýetine dokma senagaty ministri Nurmuhammet Orazgeldiýew ýolbaşçylyk etdi we daşary ýurt hyzmatdaşlary, işewür toparlaryň wekilleri we alyjylar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we eksport aragatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen onlarça gepleşikleri geçirdi. Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde önümleri eksport etmek boýunça ylalaşyklara gelindi we türkmen tekstilini daşary ýurtlara ibermek bilen baglanyşykly birnäçe özara bähbitli ylalaşyklar gazanyldy.
«Heimtextil 2026» sergisine gatnaşmak, türkmen önümçiligini halkara bazarlarynda tanatmak, işewür gatnaşyklary güýçlendirmek, tejribe alyşmak we innowasiýalary ornaşdyrmak üçin täze mümkinçilik boldy. Dünýä senagat forumlarynda şeýle işjeň çykyş etmek, Türkmenistanyň global ykdysadyýetine goşulmak, maýa goýumlary çekmek we ýeňil senagat pudagynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda edýän tagallalarynyň subutnamasydyr.


şu gün 07:42
809

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......