Alymlar 2 mln ýyl ozal ýaşan «başarnykly adamy» doly suratlandyryp bildi

  • 18.01.2026 16:06
  • 5.7k+

Paleoantropologlar Homo habilis-iň (başarnykly adam) iň doly skeleti barada gürrüň berdi. Homo urugynyň iň irki wekilleriniň biri bolan bu görnüş 2 million ýyldan gowrak ozal ýaşapdyr. Ol awstralopitekler bilen adamlaryň has giçki ata-babalarynyň – Homo erectus-yň (göni ýöreýän adam) anatomiki aýratynlyklaryny özünde birleşdiripdir. Ylmy gözleg The Anatomical Record žurnalynda neşir edildi, tapyndy barada giňişleýin maglumatlar Live Science neşiri tarapyndan berilýär.

2012-nji ýylda alymlar Keniýanyň demirgazygynda Homo habilis-iň häzire çenli iň doly skeletini tapdy. Tapyndylar dişlerden, ýaýjyk süňkünden, pilçe, oňurga, gapyrga böleklerinden, bilek we egin süňklerinden, şeýle-de çanaklyk we injik süňklerinden ybarat. Tapyndylaryň ýaşy 2,02 million ýyldan 2,06 million ýyla çenli diýlip hasaplanýar.
Bilermenleriň gelen netijeleri boýunça, bu uly wekiliň boýy, takmynan, 160 sm bolup, agramy 30 kg töweregi bolupdyr. Alymlar Homo habilis-iň ýogyn süňkleri bilen uzyn we güýçli bileginiň bolandygyny, munuň bolsa ony awstralopitekler bilen ýakynlaşdyryp, onuň agaçlarda hereket etmek ukybynyň bolup bilendigini görkezýär. Şol bir wagtyň özünde, skeletiň analizi bu görnüşiň ýöreýşiniň Homo erectus-a ýakyn bolandygyny çaklamaga mümkinçilik berýär.
Tapyndy Gündogar Afrikada gomininleriň ewolýusiýasyny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Çünki azyndan dört görnüş (Paranthropus boisei, Homo rudolfensis, Homo habilis we Homo erectus) şol bir ýerde şol bir wagtda ýaşapdyr. Şundan ugur alsaň, Homo habilis-iň Homo erectus-yň gönüden-göni ata-babalary bolandygy jedelli mesele bolup galýar. 


düýn 22:30
811

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....