Alymlar ýokary gan basyşy beýni sütüniniň işleýşi bilen baglanyşdyrýarlar

  • 18.01.2026 19:37
  • 4.4k+

Alymlar beýni sütüniniň bir böleginiň ýokary gan basyşa we gipertoniýanyň güýçlenmegine täsir edip biljekdigini anykladylar. Munda gürrüň bedendäki awtomatik proseslere jogapkär bolan nerw toplumynyň lateral parafasial sebiti (LPA) hakynda barýar diýip, Daily Mail habar berýär.

LPA bedendäki dem alyş, iýmit siňdiriş we ýürek urşy ýaly funksiýalary dolandyrýar. Şeýle hem, ol gülen hem güýçli üsgüren wagtyň işjeňleşýär.
Täze Zelandiýadan alymlar bu sebitiň gan damarlarynyň daralmagyna sebäp bolýan nerw işjeňliginiň gan basyşyň ýokarlanmagyna sebäp bolup biljekdigini anykladylar. Olar barlaghana tejribelerinde gan basyşynyň ölçenýän mahaly beýniniň degişli sebitindäki nerwleri gezekli-gezegine işjeňleşdirdiler we sakladylar. Netijeler lateral parafasial sebit işjeňleşdirilende gan basyşyň ýokarlanýandygyny, saklananda bolsa peselýändigini görkezdi.
Gan basyşyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly nerwler simpatik nerw ulgamyna degişlidir. Ol bedendäki öz-özünden ýüze çykýan täsiri kadalaşdyrýar. Başgaça aýdylanda ol, bedende howpa jogap hökmünde döräp bilýän  «ur ýa-da gaç» ýagdaýyna jogapkärdir. Alymlar şeýle hem bu nerwleriň işjeňliginiň peselmeginiň güýçli dem çykaryşy saklaýandygyny, damar diwarlaryny ýumşadýandygyny, şeýlelikde gan basyşynyň kadaly ýagdaýa  gelmegine mümkinçilik berýändigini bellediler.


20.06.2026 12:08
7.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......