«Arkadag» – «Al-Nasr» futbol klublarynyň duşuşygynyň biletleri satylyp başlandy

  • 19.01.2026 11:49
  • 26k+

Aşgabat şäheriniň häkimligi Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň arasynda AFC-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygyna biletleriň onlaýn satuwyny ýola goýdy. Duşuşyk 2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda sagat 18:45-de Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçiriler.

Biletleri Aşgabat şäher häkimliginiň resmi saýtyndan — www.ashgabat.gov.tm arkaly ýa-da «Sanly şäher» atly ykjam goşundysy arkaly satyn alyp bolýar. Biletleriň bahasy stadionda saýlanan ýere görä 200 manatdan 400 manada çenli üýtgeýär.
Guramaçylar resmi däl satyjylardan bilet satyn almagyň gadagan edilýändigini we şeýle ýagdaýda stadionyň içine goýberilmejekdigini duýdurýarlar. Her biletiň özboluşly QR-kody bar, ol girişde barlanýar we satyn alan adamyň şahsyýetini tassyklaýan resminamasy bilen baglanyşykly bolýar.


şu gün 14:15
5.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 17:52
4.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......