Mask OpenAI bilen Microsoft-dan özüne 134 mlrd dollara çenli tölemegi talap edýär

  • 19.01.2026 10:46
  • 4.2k+

SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask OpenAI we Microsoft kompaniýalaryna garşy şikaýat arzasyny berip, özüne öwez tölegi hökmünde 79 mlrd dollardan 134 mlrd dollara çenli tölemegi talap etdi. Bu barada Reuters we Bloomberg agentlikleri habar berýär.

Mask OpenAI-iň täjirçilik däl statusyndan ýüz öwrüp we Microsoft bilen hyzmatdaşlyga girip, özüni ýalňyşdyrandygyny aýdýar. Onuň pikiriçe, bu ony 2015-nji ýylda kompaniýa döredilende ilkinji 38 mln dollar möçberdäki maýa goýumdan alnan girdejiden mahrum etdi.

«Ilon Mask bolmadyk bolsa, OpenAI bolmazdy. Ol başlangyç maliýeleşdirmäniň esasy bölegini, öz abraýyny üpjün etdi we masştabirleme barada bilýän ähli zadyny öwretdi» – diýip, Maskyň aklawçysy Stiwen Molo Reuters agentligine aýtdy.

Öwez töleginiň möçberi hünärmen Si Pol Wazzan tarapyndan hasaplandy. Onuň hasaby boýunça, OpenAI-iň «bikanun girdejisi» 65,5 mlrd dollardan 109,4 mlrd dollara, Microsoft-yňky 13,3 mlrd dollardan 25 mlrd dollara ýetýär.
Kompaniýalaryň ikisi-de bu hasaplamalary ret etdi. «Wazzanyň usulyýeti oýlanyp tapylan, onuň netijelerini barlamak mümkin däl, çemeleşmäniň özi bolsa öň görlüp-eşidilmedik» – diýip, hukukçylar belledi.
OpenAI Maskyň talaplaryny «çynlakaý däl» diýip atlandyrdy, kompaniýanyň ýolbaşçysy Sem Altman bolsa şikaýat arzasyny «ýarag hökmünde hukuk ulgamynyň ulanylmagy» diýip häsiýetlendirdi.
OpenAI kompaniýasy (ChatGPT-ni işläp düzüji) 2015-nji ýylda döredildi. Üç ýyldan soň Mask onuň müdirler geňeşinden çykdy we 2023-nji ýylda öz xAI kompaniýasyny döretdi. Mask OpenAI-iň ýolbaşçysy Sem Altman bilen onuň kompaniýany täjirçilik kärhanasyna öwürmek meýilnamalary sebäpli 2024-nji ýyldan bäri dawalaşýar. 2025-nji ýylyň oktýabrynda OpenAI üýtgedip gurmak işleriniň tamamlanandygyny aýtdy. Microsoft kompaniýasy onda 27% paý aldy, OpenAI-iň özi bolsa 500 mlrd dollar bilen bahalandyryldy. 


düýn 12:04
1.1k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.6k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......