Mazda Ýewropada MX-30 R-EV awtoulagynyň satuwyny bes etdi

  • 18.01.2026 20:16
  • 2.3k+

Mazda Ýewropa bazarynda MX-30 R-EV awtoulagynyň satuwyny resmi taýdan bes etdi. Awtoulagyň doly elektrik nusgasy satuwdan öň aýrylypdy. Indi bolsa iki ýyl mundan ozal hödürlenen rotor ýangyç generatorly nusgasy hem sebitden çykýar.

Mazda-nyň metbugat wekili Autocar-a beren interwýusynda bu kararyň birnäçe faktorlaryň, şol sanda sarp edijileriň islegleriniň we brendiň önümçilikde ileri tutulýan ugurlarynyň üýtgemeginiň netijesinde bolandygyny aýtdy. MX-30 R-EV deňeşdirme boýunça az sanly model hasaplanýar. Angliýada elektrik  görnüşiň 1872 birlik satylan wagtynda  R-EV-iň 678 birliginiň satylandygy hasaba alyndy. ABŞ-da bolsa satuw, baryp 2023-nji ýylda bes edilipdi.
Elektrik modele bolan pes islege täsir eden faktorlaryň arasynda ulagyň takmynan 200 km-i öz içine alýan çäkli atiýaçlyk aralygy hem ýokary bahasy bar.  Häzirki wagtda rotorly nusga diňe Ýaponiýanyň içerki bazary üçin elýeterlidir.
Mazda modeliň Ýewropa bazaryndan çykmagynyň hemişelikdigini nygtady. Kompaniýanyň öz ünsüni Changan platformasyna esaslanýan täze awtoulaglara — Mazda 6e liftbekine we CX-6e krossowerine gönükdirýändigi sebäpli, MX-30 R-EV-iň oruntutary hem meýilleşdirilmeýär.


19.03.2026 04:19
2.4k+

Mazda täze CX-5 modelini bäş sany gysga metražly film arkaly tanyşdyrdy

Mazda kompaniýasy Demirgazyk Amerikada geçirilen Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymy wagtynda täze CX-5 krossowerini kino treýleri görnüşinde tanyşdyrdy. Bu premýera «5 Sides of the All-New CX-5» («Täze CX-5-iň bäş tarapy») diýlip atlandyryldy...

16.03.2026 09:53
2.6k+

Mazda Ferrari-niň ilkinji elektromobiliniň çykarylmagyna päsgel bermek bilen haýbat atýar

Mazda kompaniýasy Ferrari-niň özüniňki bilen adybir elektromobilini çykarmak meýilnamasyny yglan edeninden bary-ýogy bir aý soň, «Luce» haryt nyşanyny hasaba aldyrmak üçin arza berdi. Bu barada Awstraliýanyň «Carexpert» neşiri habar berdi...

14.11.2025 11:31
2.7k+

Mazda awtoulaglary diňe uglerod bitarap däl, eýsem uglerod otrisatel hem etmegi meýilleşdirýär

Ýaponiýanyň Mazda kompaniýasy diňe zyňyndylary nol derejä getirmek bilen çäklenmän, awtoulaglary uglerod otrisatel etmegiň üstünde hem işlejekdigini mälim etdi. The Drive neşiriniň ýazmagyna görä, konsepsiýa bioýangyç bilen işleýän we CO₂-ni siňdirýän ýörite ulgam bilen enjamlaşdyrylan ulagyň çykaryşyndan has köp kömürturşy gazyny özüne siňdirip biljekdigine esaslanýar...

14.07.2025 17:56
2.5k+

Mazda CX-5 krossoweriniň täze neslini görkezdi. Salon ulaldy we has oňaýly boldy

Mazda kompaniýasy CX-5 krossoweriniň üçünji neslini görkezdi. Model ulaldy, täzeden dizaýn edildi we salony täzelendi. 2025-nji ýylyň ahyrynda Ýewropada satylyp başlanar we awtoulag soňra beýleki bazarlarda hem peýda bolar...