Mazda awtoulaglary diňe uglerod bitarap däl, eýsem uglerod otrisatel hem etmegi meýilleşdirýär

  • 14.11.2025 11:31
  • 2.7k+

Ýaponiýanyň Mazda kompaniýasy diňe zyňyndylary nol derejä getirmek bilen çäklenmän, awtoulaglary uglerod otrisatel etmegiň üstünde hem işlejekdigini mälim etdi. The Drive neşiriniň ýazmagyna görä, konsepsiýa bioýangyç bilen işleýän we CO₂-ni siňdirýän ýörite ulgam bilen enjamlaşdyrylan ulagyň çykaryşyndan has köp kömürturşy gazyny özüne siňdirip biljekdigine esaslanýar.

Mazda häzirki wagtda bu tehnologiýanyň giňden ornaşdyrylmagynyň mümkinçilikleriniň pesdigini boýun alýar. Ýöne nazary taýdan bu çözgüt awtoulag senagatyna düýpli täsir edip biler. Kompaniýa ilkinji ädim hökmünde suwotulardan bioýangyç öndürmegi ýola goýmagy teklip edýär. Şeýle ýangyjyň zyňyndylary, onuň ýanmagy döwründe çykýan CO₂-nyň takmynan diňe 10%-ine deň bolýar.
Eger ulagdaky ýörite sorup alyş ulgamy çykýan CO₂-niň azyndan şol 10%-ini gaýtadan siňdirip bilse, onda ulag uglerod otrisatel hasaplanar. Sebäbi galan 90% CO₂ suwotularyň ösüşi döwründe eýýäm siňdirilen bolýar — şeýlelik bilen, ulag öz döredilişi bilen baglanyşykly zyňyndylaryň öwezini dolýar.
Elbetde, bu tehnologiýany iş ýüzünde ornaşdyrmak aňsat däl. Bioýangyç giňden elýeterli bolaýanda hem, awtoulagyň özünde CO₂ tutujy ulgamyny ýerleşdirmek goşmaça agram, giňişlik we tehniki kynçylyklar döredýär.
Mazda şeýle ulgamlaryň benzinli modellerde hem ulanylmagyny göz öňünde tutýar, emma kompaniýa bu babatda entek resmi borçnama almady. Şeýlelikde, häzirki wagtda gürrüň tehnologiýanyň mümkinçiliklerini görkezýän konsepsiýa hakda barýar.


19.03.2026 04:19
2.1k+

Mazda täze CX-5 modelini bäş sany gysga metražly film arkaly tanyşdyrdy

Mazda kompaniýasy Demirgazyk Amerikada geçirilen Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymy wagtynda täze CX-5 krossowerini kino treýleri görnüşinde tanyşdyrdy. Bu premýera «5 Sides of the All-New CX-5» («Täze CX-5-iň bäş tarapy») diýlip atlandyryldy...

16.03.2026 09:53
2.5k+

Mazda Ferrari-niň ilkinji elektromobiliniň çykarylmagyna päsgel bermek bilen haýbat atýar

Mazda kompaniýasy Ferrari-niň özüniňki bilen adybir elektromobilini çykarmak meýilnamasyny yglan edeninden bary-ýogy bir aý soň, «Luce» haryt nyşanyny hasaba aldyrmak üçin arza berdi. Bu barada Awstraliýanyň «Carexpert» neşiri habar berdi...

09.03.2026 11:12
4.9k+

Dünýäniň ekologiýa taýdan iň arassa awtoulag öndürijileriniň reýtingi düzüldi

Lead The Charge toparynyň geçiren barlaglaryna görä, Amerikanyň Tesla kompaniýasy dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa awtoulag öndüriji hökmünde ykrar edildi. Bilermenler diňe bir modelleriň hataryny däl, eýsem ulaglaryň tutuş önümçilik dolanyşygyny seljerdiler...

21.02.2026 19:07
4.3k+

Toyota Polşada awtomobilleri gaýtadan işleýän zawod gurar

Toyota Motor Europe Polşanyň Walbžih şäherinde ulaglary gaýtadan işlemek boýunça täze Circular Factory kärhanasyny döreder. Toplumyň meýdany 25 000 inedördül metr bolar, onuň ýyllyk kuwwaty bolsa ulanylyş möhleti tamamlanan 20 000 töweregi awtomobili gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer...