Mazda Ferrari-niň ilkinji elektromobiliniň çykarylmagyna päsgel bermek bilen haýbat atýar

  • 16.03.2026 09:53
  • 2.7k+

Mazda kompaniýasy Ferrari-niň özüniňki bilen adybir elektromobilini çykarmak meýilnamasyny yglan edeninden bary-ýogy bir aý soň, «Luce» haryt nyşanyny hasaba aldyrmak üçin arza berdi. Bu barada Awstraliýanyň «Carexpert» neşiri habar berdi.

Mazda özüniň premial Luce sedanyny 1991-nji ýyla çenli öndüripdi. Modeliň önümçiliginiň bes edilendigine garamazdan, kompaniýa bu ady italýan awtoöndürijisine bermäge taýýar däl. Eger arza kabul edilse, Ferrari öz elektromobilini «Luce» ady bilen satyp bilmez we başga at saýlamaly bolar.

Ferrari özüniň ilkinji doly elektromobilini fewral aýynda tanyşdyrypdy we oňa italýan dilinde «ýagtylyk» diýmekligi aňladýan Luce adyny tassyklapdy. Apple-iň öňki dizaýneri Joni Aýwyň «LoveFrom» studiýasynyň gatnaşmagynda dizaýny döredilýän bu modeliň doly tanyşdyrylyşy maý aýyna meýilleşdirilýär.

Mazda-nyň arzasy 2026-njy ýylyň mart aýynyň başynda patentler bazasynda peýda boldy we bir hepdeden soň çap edildi. Haryt nyşanynyň 12-nji klas boýunça hasaba alynmagy, kompaniýa bu ady awtoulaglar üçin berkitmäge we beýleki öndürijileriň ony ulanmagyny çäklendirmäge mümkinçilik berer.

Mazda-nyň «Luce» modelini täzeden dikeltmek meýilnamasynyň bardygy ýa-da ýokdugy häzirlikçe näbellidir. 2017-nji ýylda kompaniýa täze Mazda6-nyň deslapky wersiýasy hökmünde seredilýän «Vision Coupe» konseptiniň tanyşdyrylyşynda 1969-njy ýylyň «Luce Rotary Coupe» modelini ýatlapdy.

Käwagt awtoöndürijiler modelleriniň adyny üýtgetmeli bolýarlar. Mysal üçin, 2024-nji ýylda Alfa Romeo özüniň «Milano» krossowerini hödürläpdi, emma awtoulagyň Italiýada däl-de, Polşada öndüriljekdigi sebäpli, modeliň ady «Junior» diýlip üýtgeldi.


şu gün 09:56
394

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.5k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.8k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....