Afrikanyň Kubogy – 2026 ýaryşynyň indiwidual baýraklarynyň eýeleri yglan edildi

  • 19.01.2026 15:16
  • 5.6k+

Marokkoda 2026-njy ýylyň Afrika milletleriniň kubogy ýaryşy tamamlandy. Senegalyň milli ýygyndysy öz taryhynda ikinji gezek ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ýaryşyň netijesi boýunça Halkara futbol federasiýasy (FIFA) has tapawutlanan oýunçylara aýratyn baýraklary gowşurdy.

Afrika milletleriniň kubogynyň iň gowy oýunçysy Senegalyň milli ýygyndysynyň wingeri Sadio Mane boldy. Saud «Al-Nasrynda» oýnaýan 33 ýaşly futbolçy ýedi oýna gatnaşyp, iki gol geçirdi we iki assist etdi.
Iň gowy derwezeban üçin baýragy Marokkonyň milli ýygyndysynyň 34 ýaşly derwezebany Ýassin Bunu aldy. Ol ýaryşyň ýedi oýnunyň ählisine gatnaşyp, diňe iki goly sypdyrdy, bäş duşuşykda bolsa derwezäni goramagy başardy. Şeýle-de, Bunu oýundan soňky bir penalti tapgyryny utdy.
Ýaryşyň iň gowy bombardiri adyny Marokkonyň milli ýygyndysynyň hüjümçi ýarymgoragçysy Braim Dias aldy. Onuň hasabynda ýedi oýunda bäş gol bar. Dias final oýnunyň ahyrynda Panenka stilinde derwezäniň merkezine depip, penalti goluny geçirip bilmedi. Senegally derwezeban topy aňsatlyk bilen tutdy.
FIFA Afrikanyň Kubogy – 2026-nyň jemi boýunça aýratyn feýr-pleý baýragyny Marokkonyň milli ýygyndysyna berdi. 


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......