Alymlar bedeniň garramaga başlaýan takyk ýaşyny anykladylar

  • 19.01.2026 14:39
  • 13k+

Finlýandiýaly we şwesiýaly alymlar durmuş ýörelgesiniň saglyga iň güýçli täsir edýän döwrüni we garramanyň ilkinji alamatlarynyň haçan ýüze çykýandygyny öwrendiler.

Finlýandiýada geçirilen barlaglar bedeniň 36-46 ýaş aralygynda has duýgur bolýandygyny görkezdi. Alymlar 1970-nji ýyllardan bäri toplanan maglumatlary seljerip, şu aşakdaky netijelere geldiler:

  • 30 ýaşa çenli wagt bar: 20 ýaşlarynda zyýanly endikleri bolan, ýöne 30 ýaşyna çenli olardan saplanan adamlar, ortaça has sagdyn bolýarlar.
  • Wagt geçse, yza öwrüp bolmaýar: Eger zyýanly endikler 40 ýaşa çenli dowam etse, saglyga ýetirilen zyýanyň öňüni almak mümkin bolmandyr.
  • Geň galdyryjy fakt: 40 ýaşdan soň zyýanly endiklere başlanlaryň saglygyna ýetýän zyýan, ýaşlykdan başlanlara görä has az bolupdyr.

Şwesiýanyň Karolinska institutynyň alymlary 47 ýyllap dowam eden barlagyň netijelerini Journal of Cachexia, Sarcopenia and Muscle žurnalynda çap etdiler. Olaryň netijeleri hem fin kärdeşleriniňkini tassyklady:

  • Fiziki pese gaçyş: Ortaça 35 ýaşda başlanýar. Bu döwürden soň myşsalaryň güýji, çydamlylygy we umumy işjeňligi kem-kemden peselip başlaýar.
  • Sportuň peýdasy: 35 ýaşdan soň hem işjeň türgenleşýän adamlar öz görkezijilerini 5–10% gowulandyryp bilipdirler.

"Maşklar bedeniň garramagyny doly saklap bilmese-de, bu prosesi ep-esli haýalladýar" diýip, taslamanyň ýolbaşçysy Mariýa Westerstol aýtdy.


düýn 22:30
811

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....