2.8k+

Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny durnukly ösüşiň netijeli binýady diýip atlandyrdy

Türkmenistan öz saýlap alan Bitaraplyk ýolunyň dogry we strategiki ähmiýetini subut etdi. Bitaraplyk derejesi içerki syýasy durnuklylygy, jemgyýetdäki ylalaşygy üpjün etdi we ýurduň yzygiderli ösüşi üçin berk binýady goýdy diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda çykyşynda aýtdy...

4.9k+

Eýranyň Prezidenti sebitde parahatçylyk, durnuklylyk we ösüş üçin Aşgabat forumynyň ähmiýetini belledi

12-nji dekabrda Aşgabatda Maslahatlar merkezinde geçirilen Halkara forumyň barşynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian çykyş etdi. Masud Pezeşkian bu maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallyk bildirip, bu çäräniň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelmeginiň möhüm ähmiýetini belledi...

10k+

Wladimir Putin Aşgabat Jarnamasynyň taslamasyna ýokary baha berip, ony goldady

Türkmenistanyň mundan 30 ýyl ozal hemişelik Bitaraplyk ýoluny saýlap almagy Garaşsyz we özygtyýarly döwlet hökmünde strategik ösüş ugruny kesgitledi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda eden çykyşynda bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň sebitde we dünýäde uly hormatdan hem-de abraýdan peýdalanýan ýurtdugyny nygtady...

6.6k+

Coca-Cola baş direktoryny çalyşýar

Coca-Cola baş direktor Jeýms Kuinsiniň wezipeden gidýändigini habar berdi. Geljek ýylyň mart aýynyň ahyrynda onuň wezipe borçlary kompaniýanyň operasion müdiri Enrike Brauna geçiriler. Kuinsi Coca-Cola-da 1996-njy ýyldan bäri işleýär...

2.1k+

Hermès noutbugyň web-kamerasyny ýapmak üçin deri plastyrlarynyň toplumyny çykardy

Hermès noutbugyň kamerasyna ýelmemek üçin deri plastyrlaryny satuwa çykardy. Täze önüm brendiň resmi saýtynda peýda boldy. Ulanyjylar, adatça, web-kameralary gizlinlik maksady bilen ýapýar. Şeýle usul tötänleýin ýazgy etmek ýa-da kamera rugsatsyz elýeterli bolmak töwekgelçiligini azaltmaga kömek edýär, şonuň üçin köp adamlar wideoaragatnaşykdan peýdalanmaýan wagty ony ýapyp goýmagy makul bilýär...

9.3k+

Täze Opel Astra üýtgeşik dizaýna we has ösen tehnologiýalara eýe boldy

Täzelenen Open Astra-nyň global premýerasy soňky dört ýylda modeliň ilkinji uly täzelenmesi boldy. Dizaýnerler modeliň umumy durkuny saklady, ýöne öň bölegi düýpli üýtgedildi. Opel Vizor ulgamy has giň LED elementlerine we yşyk bilen ýanýan Opel Blitz logotipine eýe boldy...

5.2k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar...

3.3k+

«Lion», «Aston Willa» we «Betis» Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy

12-nji dekabra geçilen gije UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň umumy tapgyrynyň 6-njy oýunlary tamamlandy. Olaryň netijesi boýunça, fransuz «Liony» ýaryş jedweliniň başyndaky ornuny saklady. Topar öýünde Niderlandlaryň «Gou Ehed Iglz» klubuny 2:1 hasabynda utup, 15 utuk bilen ýazky pleý-off tapgyryna çykdy...

5.8k+

Robot-hirurg ilkinji gezek kataraktany aýyrmak boýunça operasiýa geçirdi

Lukmançylyk bilen inženerçiligiň çatrygynda göz hirurgiýasynda uly öwrülişikleri wada berýän düýpli öňe gidişlik boldy: Kaliforniýanyň Los-Anjeles uniwersitetinde (UCLA) işlenip düzülen robot ulgamy dünýäde ilkinji gezek adamda kataraktany aýyrmak boýunça operasiýany üstünlikli geçirdi...

3.4k+

Döwletliler köşgünde we Arkadag şäherindäki sagaldyş-dikeldiş merkezinde terbiýelenilýän çagalara sowgatlar gowşuryldy

11-nji dekabrda Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde bilim-terbiýe alýan çagalar hem-de Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde terbiýelenilýän we saglygy dikeldilýän çagalar dürli datly miwelerden, süýjülik we beýleki naz-nygmatlardan ybarat sowgatlary kabul etdiler...

7.6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda daşary ýurtlaryň Prezidentlerini kabul etdi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän iri halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada ýokary derejeli myhmanlar geldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi dostlukly ýurtlaryň birnäçesiniň Prezidentlerini Aşgabadyň Halkara howa menzilinde garşylady...

4.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

11-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini, Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady...

2.8k+

Italýan aşhanasy adamzadyň maddy däl medeni mirasy diýlip ykrar edildi

Italiýanyň aşhana däpleri resmi taýdan ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada Italiýanyň premýer-ministri Jorja Meloni habar berdi. Çözgüt Nýu-Delide geçirilen sessiýada Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komiteti tarapyndan kabul edildi...

7.9k+

Dünýä baýlygynyň 75%-i ilatyň 10%-iniň elinde jemlenýär

Dünýä baýlygynyň aglaba bölegi – 75%-i planetanyň has barly ilatynyň bary-ýogy 10%-iniň elinde jemlenýär. Şol bir wagtyň özünde, adamzadyň has garyp ýarysyna ähli baýlygyň diňe 2%-i degişli. Bu barada täze «Global deňsizlik 2026» hasabatynda aýdylýar...

2.4k+

Şweýsariýada indiki ýyl üçin Prezident saýlandy

Şweýsariýada 2026-njy ýyl üçin Prezident hökmünde ykdysadyýet ministri Gi Parmelen saýlandy. Ol bu wezipäni 2021-nji ýylda-da eýeläpdi. Ýurduň parlamentinde habar berlişi ýaly, ol berlen 228 býulletenden Federal ýygnagyň deputatlaryndan 203 ses aldy...

2.5k+

Türkmenistan Ermenistan bilen geljegi uly taslamalary işläp taýýarlamakda işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy. Waagn Haçaturýan türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Aşgabatda geçirilýän forumyň sebit we dünýä derejesinde gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy...

5.4k+

Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Premýer-ministri bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif bilen duşuşdy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Pakistan bilen Birleşen Milletler Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar...