iOS 26.3 Android ulgamyna maglumat geçirmek mümkinçiligine we täze funksiýalara eýe boldy

  • 13.02.2026 15:05
  • 2.2k+

Apple kompaniýasy iPhone üçin operasion ulgamynyň nobatdaky iri täzelenmesi bolan iOS 26.3 nusgasyny çykardy. Bu täzeleme ulanyjylara amatlylyk döredýän we howpsuzlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze funksiýalaryň birnäçesini öz içine alýar.
Iň uly täzelik — iPhone-dan indi Android enjamlaryna maglumatlary göçürmek üçin guralyň goşulmagydyr. Bu funksiýa suratlary, wideolary, bellikleri, habarlary, parollary we kontaktlary geçirmäge mümkinçilik berýär. Munuň üçin iki enjamy biri-birine golaýlaşdyrmak we Wi-Fi hem-de Bluetooth ulgamlaryny birikdirmek ýeterlik.

Şeýle hem indi ulanyjylar öýjükli aragatnaşyk operatorynyň ýerleşýän ýerini anyklamak takyklygyny çäklendirip bilerler. Bu funksiýa Apple C1 we C1X modemli iPhone 16e hem-de iPhone Air modellerinde işleýär. Ol işjeňleşdirilende, operator ulanyjynyň anyk salgysyny däl-de, diňe haýsy raýondadygyny görüp biler.
Ekran dizaýnynda «Howa maglumaty» indi aýratyn kategoriýa hökmünde görkezilýär. Ulanyjylara dürli sagat şriftleri we wijetleri bolan üç sany bezeg görnüşi hödürlenýär. Ozal bu bölüm «Astronomiýa» bölüminiň içindedi.
Täzelenmede ÝB ýurtlary üçin aýratynlyklar hem göz öňünde tutulan.  Şoňa görä, indi beýleki brendleriň gulaklyklary hem edil AirPods ýaly aňsatlyk bilen iPhone-a birigip bilerler. Şeýle-de, bildirişleriň Android enjamlaryna awtomat görnüşde ugradylmagy-da gurnalan.
Apple kompaniýasy bu täzelenmede onlarça howpsuzlyk kemçiliklerini, şol sanda kiberhüjümlerde ulanylyp biljek dyld (Dynamic Link Editor) komponentindäki meseläni düzedendigini mälim etdi.
Kompaniýa geljekki iOS 26.4 nusgasyna täze emeli aň funksiýalaryny, krossplatformik emodzileri, Freeform sanly tagtasyna bukjalary goşmak mümkinçiligini we başga-da birnäçe funksiýalary girizmegi meýilleşdirýär. Şeýle-de, Apple 2026-njy ýylyň dowamynda doly täzelenen Siri sesli EA-kömekçisiniň çykaryljakdygyny-da resmi taýdan tassyklady.

 


09.06.2026 23:04
3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.8k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

05.06.2026 23:49
2.8k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......