Marrakeşde Türkmenistanyň gatnaşmagynda Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça maslahat geçirilýär

  • 13.02.2026 15:34
  • 4.8k+

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 11-13-nji fewraly aralygynda Marokko Patyşalygynyň Hökümetiniň we Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) guramagynda geçirilýän Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça altynjy bütindünýä maslahatyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Bu halkara forum çaga zähmetini çaltlandyrylan tertipde aradan aýyrmaga gönükdirilen bilelikdäki çäreleri işläp taýýarlamak üçin döwletleriň, halkara guramalaryň we jemgyýetçilik hyzmatdaşlaryň wekillerini bir ýere jemleýär.
Maslahatyň maksatnamasy ýokary derejeli umumy mejlisleri, tematiki sessiýalary we ýörite çäreleri öz içine alýar. Olaryň dowamynda gatnaşyjylar tejribe alyşýar, netijeli usullary ara alyp maslahatlaşýar we halkara hyzmatdaşlygyny, aýratyn-da, çagalaryň bilimi we durmuş goraglylygy babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garaýar.
Türkmenistanyň bu çärä gatnaşmagy ýurduň halkara giňişligindäki abraýynyň barha artýandygyny, şeýle hem onuň netijeli gepleşiklere we ynsanperwer gymmatlyklary öňe sürmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.


düýn 16:02
851

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......