Balkan welaýatynda «Ýylyň zenany» döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi

  • 13.02.2026 16:13
  • 2.8k+

Balkan welaýatynda «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bu çäre «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli hem-de Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde guraldy.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan bäsleşige sebitiň etraplaryndan we şäherlerinden ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdy. Gatnaşyjylar sekiz ugur boýunça öz ukyplaryny, ussatlyklaryny we zehinlerini görkezdi. Goşgularyň çeper okalmagy hem-de dessanlardan bölekleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça aşakdaky zenanlar hormatly atlara mynasyp boldy:

·         Güljemal Soltanowa (Balkanabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň müdiri) — «Ýylyň işewür zenany»;

·         Täzegül Ýaýlymowa (Türkmenbaşy şäheriniň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy) — «Ýylyň çeper elli zenany»;

·         Sapargül Hallymämmedowa (welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy) — «Ýylyň sungatda işjeň zenany»;

·         Mäzem Garlyýewa (Magtymguly etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň mugallymy) — «Ýylyň mährem zenany»;

·         M. Garabegowa (Türkmenbaşy etrap polisiýa bölüminiň uly derňewçisi) — «Ýylyň Watançy zenany»;

·         Togta Şyhyýewa (Bereket etrabynyň 8-nji çagalar bagynyň müdiri) — «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany»;

·         Bahar Berdiýewa (Hazar şäherçesinden telekeçi) — «Ýylyň telekeçi zenany»;

·         Gülsenem Garaýewa (Gyzylarbat etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň mugallymy) — «Ýylyň halypa zenany».

Ýeňijileriň ählisi bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Dabaraly ýagdaýda gatnaşyjylara ýörite sowgatlar gowşuryldy.


düýn 00:03
3.1k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.9k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......