«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze başlyk bellenildi

  • 14.02.2026 09:53
  • 7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Resul Annaçaryýewiç Myradowy «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesine belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Şol bir wagtda Myradow senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Döwlet Baştutany degişli resminamalara anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Maglumat hökmünde ýatlatsak, geçen ýylyň iýul aýynda konserniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Taňryguly Ataýewiň üstüne ýüklenilipdi. Prezidentiň Karary bilen, ol bu wezipesinden boşadyldy. 
Döwlet Baştutanynyň  ýene bir Karary bilen, Durdyýew Atamyrat Halmyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


şu gün 07:51
1.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
980

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......