Oguz han adyndaky TITU-da geçirilen forum türkmen-awstriýa ylmy barlaglarynyň netijelerini görkezdi

  • 13.02.2026 17:49
  • 1.7k+

Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Ylymda halkara hyzmatdaşlygy — ählumumy ösüşiň möhüm şerti» atly ylmy-amaly onlaýn maslahat geçirildi.
Forum türkmen ýokary okuw mekdebi bilen Graz tehniki uniwersitetiniň (Awstriýa) Elektronika institutynyň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda daşary ýurtly hyzmatdaş uniwersitetler bilen bilelikde guraldy. Çäräniň maksady halkara akademiki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini görkezmekden we onuň amaly netijeliligini maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Şoňa görä-de, maslahatyň dowamynda türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň mysalynda iki uniwersitetiň alymlarynyň bilelikdäki ylmy barlaglarynyň üstünlikli netijeleri giň ylmy jemgyýetçilige hödürlendi.
Türkmenistanyň öňdebaryjy daşary ýurt okuw edaralary bilen hyzmatdaşlyga açykdygy, munuň bolsa iň döwrebap tejribeleri ornaşdyrmaga, milli ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmäge hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýändigi bellenildi. Ylalaşyklar talyplaryň we mugallymlaryň özara tejribe alşygyny, hünär kämilleşdiriş okuwlaryny, bilelikdäki taslamalary we barlaglary öz içine alýar.


Tanyşdyryşlar ylmyň şu günki möhüm ugurlaryna degişli boldy: enjamlaryň elektromagnit şöhlelenmesini uzak aralykdan anyklamak, elektrostatik zarýad beriş ulgamlary üçin elektrik zynjyrlaryny işläp taýýarlamak, spiral antennalar, mikrotolkunly golografiýa, elektromagnit meýdanynyň datçikleri we radiotolkunlaryň ýaýraýşy.
Forumyň jemleri boýunça hyzmatdaş uniwersitetler durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtady we ylym-bilim ulgamynyň esasy ugurlarynda netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklady.


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......