BMW ýangyn howpy sebäpli dünýä boýunça ýarym milliondan gowrak ulagyny yzyna çagyrýar

  • 13.02.2026 12:06
  • 3.3k+

BMW awtokonserni starteriň näsazlygy sebäpli dünýä boýunça ýüz müňlerçe awtoulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Handelsblatt neşiriniň habar bermegine görä, bu näsazlyk ulagyň ot almagyna sebäp bolup bilýär.

Geçirilen barlaglaryň netijesinde, hereketlendiriji gaýta-gaýta işe girizilende starteriň magnitli öçürijisiniň çakdan aşa könelip biljekdigi anyklandy. Bu ýagdaý gysga utgaşmanyň ýüze çykmagy, ulagyň aşa gyzmagy we ýerli ýangyn howpy ýaly töwekgelçilikleri döredýär.

"Iň erbet ýagdaýda, bu näsazlyk ulag işläp duran wagty ýangyna sebäp bolup biler. Şeýle ýagdaýda ulag hereket edýärkä ýa-da sürüji ulagdan düşen wagty tüsse görnüp ýa-da onuň ysy gelip biler" diýip, BMW-de aýtdylar.

Haýsy modeller yzyna çagyrylýar?
Bu çäre BMW-nyň aşakdaky seriýalarynyň käbir modellerine degişlidir:

  • Sedanlar we Kupe: 2 Series Coupe, 3, 4 we 5 Series, 7 Series Limousine, 6 Series Gran Turismo.
  • Krossowerler we Rodster: X4, X5, X6 hem-de Z4.

kfz-Betrieb neşiri bu yza çagyryşyň takmynan 575 müň ulaga täsir edendigini aýtsa-da, BMW tarapy resmi taýdan anyk sany tassyklaman, "birnäçe ýüz müň" diýen jümle bilen çäklenmegi makul bildi.
Bu Mýunhen öndürijisiniň ýeke-täk uly möçberli yza çagyryşy däl. 2024-nji ýylyň güýzünde hem BMW tormoz ulgamyndaky (IBS) kemçilikler sebäpli 1,15 million awtoulagy yzyna çagyrypdy.


01.06.2026 10:57
3.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

17.05.2026 15:25
7.5k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....