2025-nji ýylyň jemleri boýunça Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi

  • 14.02.2026 06:06
  • 13k+

13-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň dowamynda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi we 2026-njy ýylda ileri tutuljak wezipeler kesgitlenildi.
Mejlisde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň on iki aýlyk görkezijileri seljerildi. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi.
Esasy üns ýurdy 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamalaryna gönükdirildi. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow guramaçylyk meselelerine seredip, birnäçe ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Permanlara gol çekdi.
Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we beýleki ýolbaşçylar gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda dürli ugurlara degişli birnäçe resminamalara gol çekildi.


düýn 19:38
4.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......