Italiýada bir adam 20 sany altyn bölegini ýalňyşlyk bilen zibile taşlapdyr

  • 13.02.2026 12:24
  • 12k+

Italiýanyň Torre-Lapillo kurort şäherçesinde 57 ýaşly bir adam içinde takmynan 120 müň ýewrolyk 20 sany altyn bölekleri bolan gutyny ýalňyşlyk bilen zibile taşlapdyr. Bu täsin waka barada RMF24 portaly habar berýär.

Bu adam ýyllarboýy ýygnan puluna yzygiderli altyn satyn alypdyr. Olary adaty bir demir gutynyň içinde saklaýan eken. Öýi ýygnaşdyrýan wagty, şol guty tötänlikde adatdakysyndan başga ýerde goýlupdyr. Netijede, ol beýleki öý zibilleri bilen bilelikde zibilhana äkidilipdir. Ol adam gymmatlyklarynyň ýokdugyny diňe ertesi gün aňyp, derrew polisiýa ýüz tutupdyr.
Polisiýa işgärleri wideogözegçilik kameralarynyň kömegi bilen gutynyň dogrudan hem zibil konteýnerine taşlanandygyny tassykladylar. Emma wagt eýýäm giçdi: zibil ulagy gelip, ähli zibilleri Udžento şäherindäki uly zibilhana äkidipdir.
Zibilhanada giň gerimli işler başlanypdyr. Ýörite gulluklar, agyr tehnikalar we tonnalap hapalar dörülipdir. Netijede, ol adamyň bagtyndan guty tapylypdyr. 20 sany altyn böleginiň ählisi hem gutynyň içinde eken.
Bu waka zibilhananyň gymmatly zatlaryň ammaryna öwrülen ýeke-täk ýagdaýy däl. 2021-nji ýylda ABŞ-nyň Edmonton şäherindäki galereýadan bäş sany gymmat bahaly surat, şol sanda Žan-Pol Riopeliň 50 müň dollarlyk eseri ýitipdi. Olar 4 ýyllap tapylmady. 2025-nji ýylda bir nätanyş adam şol suraty Nýu-Ýorkdaky auksionda satmaga synanyşdy. Ol suraty zibilhanadan tapandygyny we şu wagta çenli öýünde, şkafyň içinde saklandygyny aýtdy. Polisiýanyň ogurlyk baradaky hasabatyny göreninden soň, ol suraty hiç hili jedelsiz ätiýaçlandyryş kompaniýasyna gowşurypdyr.


03.04.2026 15:18
9.7k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

16.02.2026 15:06
10k+

Italiýada meşhur «Aşyklaryň arkasy» gaýasy ýumruldy

Italiýanyň Apuliýa sebitindäki Adriatika deňziniň kenarynda «Aşyklaryň arkasy» ady bilen tanalýan Sant-Andrea gaýasy ýumruldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, muňa ygally howa şertleri we deňiz eroziýasy sebäp boldy...

08.02.2026 13:12
9.9k+

Wenesiýa suw basmak howpy abanýar: şäher 9 günde 15 gezek suw joşgunyny başdan geçirdi

Wenesiýada 9 günüň dowamynda 15 gezek ýokary suw joşguny hasaba alyndy. Bu ýylyň başy üçin rekord görkezijidir diýip, ANSA agentligi habar berýär. Suw joşgunlaryna gözegçilik ediş merkeziniň direktory Alwize Papa bu ýagdaýy «heniz görlüp-eşidilmedik waka» diýip atlandyrdy we muny global maýlama sebäpli ýüze çykýan töwekgelçilikleriň artmagy bilen baglanyşdyrdy...

31.01.2026 19:26
16k+

Sisiliýadaky şäher ýeriň opurylmagy sebäpli uçudyň gyrasynda galdy

Sisiliýanyň Kaltanissetta kommunasyndaky Nişemi şäheriniň häkimiýetleri ýer süýşgüni sebäpli 1,5 müňe golaý ýaşaýjyny gyssagly ewakuasiýa etdi. Bu tebigy hadysa sebäpli şäheriň taryhy merkezi ýumrulyp biler diýip, The Guardian gazeti habar berýär...