Sisiliýadaky şäher ýeriň opurylmagy sebäpli uçudyň gyrasynda galdy

  • 31.01.2026 19:26
  • 16k+

Sisiliýanyň Kaltanissetta kommunasyndaky Nişemi şäheriniň häkimiýetleri ýer süýşgüni sebäpli 1,5 müňe golaý ýaşaýjyny gyssagly ewakuasiýa etdi. Bu tebigy hadysa sebäpli şäheriň taryhy merkezi ýumrulyp biler diýip, The Guardian gazeti habar berýär.
Topragyň süýşmegi güýçli ýagyşlary getiren «Garri» siklonyndan soň başlandy. Depäniň eňňidinde uzynlygy 4 km töweregi bolan jaýryk emele geldi we ol giňelmegini dowam etdirýär.
Indi uçudyň gyrasyndan 50–70 metr uzaklykda ýerleşýän jaýlar uly howp astynda galdy. Hünärmenleriň pikiriçe, olaryň ýumrulmagy gutulgysyzdyr. Hödürlenen suratlarda binalaryň bir böleginiň eýýäm weýran bolandygy, käbir jaýlaryň we awtomobilleriň bolsa edil uçudyň üstünde durandygy görünýär.
Nişeminiň häkimi Massimiliano Konti ýagdaýyň howpludygyny aýdyp, ýaşaýjylary muňa çynlakaý çemeleşmäge çagyrdy.
«Men hiç kimiň bu waka ýeňil garamagyny islemeýärin. Bagtymyza, häzirlikçe hiç kim şikes almady, diňe jaýlara zeper ýetdi» diýip, şäher häkimi mälim etdi.
Şäheriň ilaty, takmynan, 25 müň adama barabar. Göçürilen adamlar öz garyndaşlarynyň ýanynda ýerleşdi, ýüzlerçe ýaşaýjy bolsa iki gijäni sport arenasynda geçirdi. Mekdepler ýapyldy, kenarýaka şäheri Gela barýan ýol bolsa petiklendi.
«Howadan alnan suratlarda Nişeminiň nähili weýran bolýandygy görünýär. Ýagdaý agyr, aýratyn hem, weýran bolmalaryň jatyrdy sesleri häzirem eşidilýär, ýagyş bolsa halas ediş we tehniki barlag işlerini geçirmäge päsgel berýär» diýip, Konti nygtady.
Mundan ozal Italiýanyň hökümeti «Garri» siklonyndan zyýan çeken günorta sebitlerde adatdan daşary ýagdaýy yglan edipdi. Tupan sebäpli ýeten umumy zyýan 1 milliard ýewrodan gowrak diýlip bahalandyrylýar.


20.06.2026 14:57
7.3k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....