BFMTV: Luwry suw basyp, eksponatlaryň birnäçesine zeper ýetdi

  • 13.02.2026 19:14
  • 6.5k+

13-nji fewral gijesi Luwry suw basdy. Pariž muzeýiniň tehniki gulluklary «adatdan daşary ýagdaý» yglan etdiler diýip, BFMTV habar berýär.
Waka muzeýiň XV–XVI asyrlaryň sungat eserleri saklanýan «Dýuşatel» atly 707-nji zalynda boldy. Bar bolan maglumatlara görä, eserleriň bir bölegine düýpli zeper ýetdi, häzirki wagtda olaryň ýagdaýyny anyklamak üçin barlag işleri başlandy.
Adatdan daşary ýagdaýyň ýüze çykmagyna binanyň ýokarky gatlarynyň birindäki turba näsazlygy sebäp boldy diýlip çaklanylýar.
Häzirki wagtda 706-njy zaldan 708-nji zala çenli bölümler gelim-gidimler üçin ýapyk saklanylýar.
Soňky döwürde Luwruň ady habarlar dünýäsinde ýygy-ýygydan dile düşýär. 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda bu muzeýde uly talaňçylyk bolupdy. Işçi eşigindäki näbelli adamlar awto-göterijiniň kömegi bilen muzeýe aralaşyp, sanlyja minudyň dowamynda Napoleonyň toplumyndan takmynan 88 million ýewro gymmatyndaky şaý-sepleri ogurlapdylar. Ogurlanan gymmatlyklaryň arasynda monjuk, tumar we diodema bar. Imperator zenan Ýewgeniýanyň täjini bolsa jenaýatçylar gaçyp barýarkalar ýere gaçyrypdylar. Biraz wagt geçenden soň, ogrularyň  gymmatlyklaryň bir bölegini darknet arkaly gizlin satmaga synanyşandyklary-da belli boldy.


19.02.2026 10:39
9.7k+

Fransiýada 36 gün bäri dynman ýagan ýagyş taryhy rekordy täzeledi

Fransiýada ýagynly günleriň dowamlylygy boýunça taryhy rekord hasaba alyndy. BFMTV teleýaýlymynyň habar bermegine görä, ýurtda 15-nji ýanwardan bäri, ýagny 36 günläp yzyny üzmän ýagyş ýagýar. Howanyň ýaramazlaşmagy bilen 17-nji fewralda dört sany departamentde sil gelme ähtimallygy zerarly iň ýokary — "gyzyl" derejeli howp yglan edildi...

12.02.2026 21:08
6.9k+

Fransiýanyň günbatar bölegi «Nils» harasatyna sezewar boldy

Fransiýanyň Atlantik ummanynyň kenarýakasyna we ýurduň günorta-günbatar bölegine «Nils» harasaty uly zarba urdy. Euronews neşiriniň habar bermegine görä, bu tebigy hadysa elektrik energiýasynyň köpçülikleýin kesilmegine we ulag ulgamynyň işiniň bozulmagyna sebäp boldy...

31.01.2026 22:40
4.9k+

Niderlandlaryň Kümüş muzeýi talandy

Niderlandlaryň Dusburg şäherindäki Kümüş muzeýi näbelli kişiler tarapyndan talandy. Jenaýatçylar umumy bahasy on müňlerçe ýewro barabar bolan 300-den gowrak gymmatly kümüş eksponatlary ogurladylar. Muzeýiň müdiriýetiniň başlygy Ernst Busweldiniň habar bermegine görä, ogurlyk gije bolup geçipdir...

22.10.2025 21:41
5.2k+

Fransiýada Luwrdan soň ýene bir muzeý talandy

Fransiýada ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Langr şäherinde “Deni Didronyň magaryf öýi” muzeýi talandy. Bu waka barada France Info habar berýär. 20-nji oktýabrda irden işe gelen muzeý işgärleri giriş gapysynyň we altyn hem kümüş teňňeli witrinalaryň döwlendigini gördi...