Fransiýanyň günbatar bölegi «Nils» harasatyna sezewar boldy

  • 12.02.2026 21:08
  • 7k+

Fransiýanyň Atlantik ummanynyň kenarýakasyna we ýurduň günorta-günbatar bölegine «Nils» harasaty uly zarba urdy. Euronews neşiriniň habar bermegine görä, bu tebigy hadysa elektrik energiýasynyň köpçülikleýin kesilmegine we ulag ulgamynyň işiniň bozulmagyna sebäp boldy.
Penşenbe güni irden 850 000 töweregi hojalyk elektrik toksuz galdy. Energiýa bilen üpjün edýän Enedis kompaniýasy iň köp zeper ýeten sebitleriň Täze Akwitaniýa we Oksitaniýadygyny mälim etdi. Ýeliň tizligi Biskarrozda sagatda 162 kilometre, Po şäherinde 145 kilometre we Bordoda 120 kilometrden gowrak görkezijä ýetdi.
Land departamentinde ýük ulagynyň üstüne bagyň ýykylmagy netijesinde sürüji heläk boldy. 
Ýurduň günorta-günbatarynda otly gatnawlary togtadyldy. Birnäçe departamentlerde ýük ulaglarynyň hereketine gadaganlyk girizilip, awtomobil ýollarynda bökdençlikler ýüze çykdy.
Météo France gullugy bäş departamentde howplulygyň «gyzyl» derejesini, ýene 29-synda bolsa «mämişi» derejesini yglan etdi. Sawoýýadaky dag-lyža kurortlary, Od we Gündogar Pireneýler departamentlerindäki mekdepler ýapyldy. Korsika adasynda köp sanly awiauçuşlar goýbolsun edildi, materik bilen deňiz gatnawy-da kesildi.
Häkimiýetler ilaty ewakuasiýa etmek, ýollary arassalamak we ýaramaz howanyň netijelerini aradan aýyrmak üçin ýüzlerçe halas edijini kömege ýollady. Ýurduň ykdysadyýet ministri Rolan Leskýur döwletiň infrastrukturany dikeltmek we betbagtçylygyň zyýanynyň öwezini dolmak üçin ejir çeken sebitlere maliýe kömegini berjekdigini mälim etdi.


25.06.2026 12:37
7k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....