Fransiýada 36 gün bäri dynman ýagan ýagyş taryhy rekordy täzeledi

  • 19.02.2026 10:39
  • 10k+

Fransiýada ýagynly günleriň dowamlylygy boýunça taryhy rekord hasaba alyndy. BFMTV teleýaýlymynyň habar bermegine görä, ýurtda 15-nji ýanwardan bäri, ýagny 36 günläp yzyny üzmän ýagyş ýagýar.

Howanyň ýaramazlaşmagy bilen 17-nji fewralda dört sany departamentde sil gelme ähtimallygy zerarly iň ýokary — "gyzyl" derejeli howp yglan edildi. Tebigy hadysanyň netijesinde 1700-e golaý adam howpsuz ýerlere göçürildi, 5000-den gowrak hojalyk bolsa elektrik üpjünçilikden mahrum boldy.  
Ýurduň meteorologiýa gullugynyň maglumatyna görä, mundan öňki rekord 2023-nji ýylda hasaba alnyp, şonda ýagyşly günler 32 gün dowam edipdir. Şu ýylyň fewral aýynyň ilkinji 16 güni bolsa Fransiýada 1959-njy ýyldan bäri iň ýagynly döwür boldy. Bu wagt aralygynda 110 millimetr ýagyn ýagdy. Aýratyn hem, Şaranta derýasynyň suw derejesi soňky 44 ýylyň dowamynda ilkinji gezek 8 metrden ýokary galdy. Bu bolsa çynlakaý kynçylykly ýagdaýlary döretdi. Mysal üçin, goňşy Sent kommunasyndaky şäher türmesinden 135 sany tussag ewakuasiýa edildi, paýtagt şäher Parižde bolsa Sena derýasynyň suwunyň 3 metrden aşmagy sebäpli, kenarýaka ýollaryň bir bölegi ýapyldy.
Météo-France gullugy täze ýagynlary getirjek Pedro harasaty sebäpli penşenbe güni ýagdaýyň üýtgewsiz galjakdygyny çaklaýar.
«Vigicrues» gullugynyň direktory Lýusi Çadorn-Fakon: «Anna gününden başlap bu sebitlerde howanyň has gurak bolmagyna garaşylýar, ýöne ýagyşlaryň kesilmegi suw joşgunynyň tamamlanandygyny aňlatmaz. Adaty durmuşa tiz gaýdyp gelmek kynrak düşer» diýip duýdurýar. Onuň sözlerine görä, häzirki ýagdaý «ozal görünmip-eşidilmedik» häsiýete eýedir.


14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.7k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......