Niderlandlaryň Kümüş muzeýi talandy

  • 31.01.2026 22:40
  • 4.9k+

Niderlandlaryň Dusburg şäherindäki Kümüş muzeýi näbelli kişiler tarapyndan talandy. Jenaýatçylar umumy bahasy on müňlerçe ýewro barabar bolan 300-den gowrak gymmatly kümüş eksponatlary ogurladylar.
Muzeýiň müdiriýetiniň başlygy Ernst Busweldiniň habar bermegine görä, ogurlyk gije bolup geçipdir. Jenaýatçylar binanyň gapylaryny döwüp girip, soňra duýduryş ulgamyny we wideogözegçilik kameralaryny hatardan çykarypdyrlar.
Ogurlanan ýygyndy 1700–1920-nji ýyllar aralygynda ýasalan kümüş önümlerinden ybaratdyr. Bu gymmatlyklar öň niderland asylzadalaryna degişli bolupdyr. Ýitirilen zatlaryň arasynda muzeýi esaslandyryjy Martin de Kleýn tarapyndan ýygnalan gorçisa gaplarynyň toplumy hem bar. Ogurlanan eksponatlaryň içinde iň ähmiýetlileriniň biri bolsa, ussat kümüşçi Marsel Blok tarapyndan ýasalan we Dusburg şäheriniň gerbi bilen bezelen çemçeli gorçisa gaby hasaplanýardy.
Dogrusy, şeýle häsiýetli waka Niderlandiýada birinji gezek bolanok. Mundan bir ýyl öň, 2025-nji ýylyň ýanwarynda Drente welaýatyndaky muzeýden gadymy daklara degişli bolan, bahasy 4 million ýewrodan geçýän altyndan ýasalan gymmatly eksponatlaryň toplumy hem ogurlanypdy.


13.02.2026 19:14
6.6k+

BFMTV: Luwry suw basyp, eksponatlaryň birnäçesine zeper ýetdi

13-nji fewral gijesi Luwry suw basdy. Pariž muzeýiniň tehniki gulluklary «adatdan daşary ýagdaý» yglan etdiler diýip, BFMTV habar berýär. Waka muzeýiň XV–XVI asyrlaryň sungat eserleri saklanýan «Dýuşatel» atly 707-nji zalynda boldy...

09.06.2026 07:41
10k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
9.2k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....