Luwr imperator zenan Ýewgeniýanyň täjiniň ogurlykdan soňky ýagdaýyny görkezdi

  • 07.02.2026 14:18
  • 5.9k+

Luwr muzeyi imperator zenan Ýewgeniýanyň täjine ogrulyk wagtynda zeper ýeten bolsa-da, onuň asyl durkunyň bitindigini, şoňa görä-de täji doly dikeldip boljakdygyny habar berdi.
2025-nji ýylyň oktýabr aýynda jenaýatçy topar muzeýden umumy gymmaty takmynan 88 million ýewro (104 million dollara) barabar bolan gymmatbaha daşlary, şol sanda fransuz monarhlarynyň şaý-seplerini ogurlapdy. Ogurlykdan soň skuterde gaçyp barýan jenaýatçylar talan zatlarynyň arasyndan Napoleon III-niň aýaly Ýewgeniýanyň täjini ýere gaçyrýarlar. Şeýlelikde täç ogurlykdan kän wagt geçmänkä tapylýar.
Muzeý zeper ýeten täjiň suratlaryny çap etdi. Talaňçylar täji aýna witrinadaky deşikden çykarmaga synanyşanlarynda ýemşerdip, oňa uly zeper ýetiripdir. Franсe 24 teleýaýlymynyň bellemegine görä, täjiň üstündäki altyn bürgütleriň biri ýok, emma 56 sany zümerret daşynyň hemmesi we göwherleriň tas ählisi diýen ýaly (1354 sanydan diňe onusy ýok), öz ýerinde galypdyr.
Luwr muzeyi XIX asyra degişli bu täji tutuş täzelemezden, edil öňki görnüşine getirip boljakdygyny mälim etdi. Dikeldiş işlerine muzeyiň ýolbaşçysy Lorans de Karyň baştutanlygyndaky ýörite komissiýa gözegçilik eder.

Ýatladyp geçsek, ogurlyk 2025-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda bolup geçipdi. Jenaýatçylar muzeý açylmazdan öň, ogurlanyp getirilen gurluşyk awtodiňine
 münüp, tegelek byçgylaryň kömegi bilen muzeýiň balkondan Apollon galereýasyna giripdirler. Hukuk goraýjy edaralar tarapyndan bu waka boýunça birnäçe şübhelenilýän kişi tussag edilse-de, ýitirim bolan eksponatlaryň köpüsi henizem tapylmady.


09.06.2026 23:10
2.3k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 17:20
3.1k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....

04.06.2026 17:17
5.9k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......