Luwr muzeýinden ýedi minutyň içinde gymmatly şaý-sepler ogurlandy

  • 20.10.2025 14:10
  • 9.5k+

19-njy oktýabrda irden Luwrda ogurlyk bolup geçdi. Ýedi minutda jenaýatkärler fransuz imperatorlarynyň dokuz sany gymmatly şaý-seplerini – bezeg önümleriniň toplumyny, gap-gaç toplumyny, monjugy, gulakhalkany, iki täji we gülýakany ogurlady diýip, Le Parisien habar berýär. 

Hadysa ýerli wagt bilen 9:30 töweregi, muzeý açylandan tiz wagtdan soň bolup geçdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, dört ogry iki sany TMax skuterinde Sena tarapdan binanyň ýanyna geldi. Gurluşyk awto-diňinden peýdalanyp, olar penjireleriň birine çykyp, ony ýylmaýjy gural bilen döwdi we Apollon galeýerasyna – fransuz monarhlaryň hazynalarynyň saklanýan zalyna girdi.
Häkimiýet entek ogurlanan zatlaryň sanawyny we olaryň bahasyny resmi taýdan hödürlemedi, ýöne Fransiýanyň medeniýet ministri Raşida Dati ogurlanan bezeg önümlerini “bahasyna ýetip bolmajak” diýip atlandyrdy. Ol hüjümiň zorluksyz bolup geçendigini aýtdy: “Biz wideo ýazgylary gördük: olar adamlara topulmaýar-da, dört minutyň içinde arkaýyn girip, witrinalary döwýär, soňra ogurlanan zatlary alýar-da gidýär. Hiç hili zorluk ýok, ähli zat ýokary derejede gurnalan”.
Soňrak muzeýden uzak bolmadyk ýerde ogurlanan zatlaryň biri – imperator aýaly Ýewgeniýanyň täji tapyldy. 1855-nji ýylyň Bütindünýä sergisi üçin taýýarlanan bu täç 1354 göwher we 56 zümerret bilen bezelen. Ministriň aýtmagyna görä, tapynda zeper ýeten eken, ähtimal, ogrular gaçan wagty ony ýere gaçyran bolsa gerek.
Agşam Le Parisien ýene bir ogurlanan predmetiň tapylandygyny habar berdi, ýöne häkimiýet entek bu maglumaty resmi taýdan tassyklamady. 
Polisiýa wakanyň bolan ýerinde ýylmaýjy guraly, galaýy lampasyny, benzini, ellikleri, rasiýany we ýorgany, şeýle-de jenaýatkärleriň özüni işçi hökmünde görkezmek üçin ulanan sary ýeňsizini tapdy.
Fransiýanyň içeri işler ministri Loran Nunýes ogurlygyň dogry ýedi minut dowam edendigini belledi.   
Bolan waka eýýäm 1911-nji ýylda “Mona Lizanyň” ogurlanany bäri taryhda iň “batyrgaý” ogurlyk diýlip atlandyrylýar.


25.06.2026 19:11
5.6k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

22.06.2026 14:28
1.5k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.6k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

18.06.2026 22:30
4.1k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......