Türkmenistanda Awtomobil ýollary ministrligi döredildi

  • 14.02.2026 10:34
  • 16k+

13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awtomobil ýollary ministrligini döretmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama «ýurdumyzda awtomobil ýollary pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen» gol çekildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň işi bes edilip, onuň binýadynda täze ministrlik döredilýär. Bu edara işi bes eden agentligiň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi.
Awtomobil ýollary ministrligine bir aý möhletde Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Adalat ministrligi bilen bilelikde ministrlik hakyndaky Düzgünnamanyň, merkezi edarasynyň gurluşynyň taslamalaryny, işgär sanyny we ýolbaşçylaryň aýlyk zähmet haklarynyň möçberini taýýarlamak tabşyryldy. Şeýle hem olar Türkmenistanyň kanunçylygyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky teklipleri hödürlemelidir.
Döwlet Baştutanynyň aýratyn Permany bilen, ozal Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine ýolbaşçylyk eden Hangeldi Kerimow awtomobil ýollary ministri wezipesine bellenildi.


düýn 19:38
4.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......