Hökümet Başlygynyň orunbasary wezipesinde Mämmethan Çakyýewiň ýerine Batyr Annaýew bellenildi

  • 14.02.2026 08:41
  • 22k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, degişli resminamalara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Çakyýew wise-premýer wezipesine 2025-nji ýylyň iýul aýynda 6 aý synag möhleti bilen bellenilipdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararyna laýyklykda, indi Hökümetde ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasar wezipesine Batyr Amangeldiýewiç Annaýew geçdi.
Döwlet Baştutany wise-premýer B.Annaýewe ýolagçy, ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, üstaşyr we halkara ýük gatnawlaryny has-da giňeltmek üçin degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi. «Sanly ykdysadyýeti ösdürmäge degişli işleri dowam etdirmek, sanly ykdysadyýet, emeli aň tehnologiýalary boýunça IT meýdançalary döretmek, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak babatda zerur işleri geçirmek we teklipleri taýýarlamak möhümdir» diýip, Prezident nygtady. 
Täze ýolbaşça ulaglaryň we aragatnaşygyň ähli görnüşleri babatda hyzmatlary yzygiderli ösdürmek, ýurdumyzyň demir ýollaryny döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek boýunça işleri dowam etdirmek tabşyryldy.
Şeýle hem döwrebap awtobuslar, dürli görnüşli awtoulaglar bilen ilata edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, täze we ykdysady taýdan amatly bolan halkara ugurlar boýunça howa gatnawlaryny açmak boýunça netijeli işleri alyp barmak, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň kuwwatyny doly güýjünde işletmek babatda işleri gözegçilikde saklamak tabşyryldy.


düýn 19:38
4.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......