Toyota we Pony.ai Hytaýda bZ4X önümçilik robotaksisini çykarýar

  • 13.02.2026 15:12
  • 3.2k+

GAC Toyota we Pony.ai kompaniýalary Hytaýda Toyota bZ4X elektrik krossoweriniň esasynda döredilen täze robotaksisini tanyşdyrdy. Bu ulag sürüjini doly çalşyp bilýän ýedinji nesil awtonom dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyryldy.
Robotaksi daşky görnüşi boýunça adaty bZ4X modelinden tapawutlanmaýar diýen ýaly. Ol Toyota-nyň häzirkizaman stilinde ýerine ýetirildi. Esasy täzelik ulagyň içinde gizlenýär: awtomobil Hytaýyň iri şäherlerinde — Pekinde, Şanhaýda, Guançžouda we Şençžende geçirilen köpýyllyk synaglaryň netijesinde döredilen Pony.ai-yň hasaplaýyş platformasy arkaly dolandyrylýar. Işläp düzüjileriň bellemegine görä, täze ulgam çylşyrymly ýol ýagdaýlaryndan we howa şertlerinden has gowy baş çykarýar.
Toyota we Pony.ai kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygy 2020-nji ýylda, ýapon ägirdiniň bu taslama, takmynan, 341 million ýewro maýa goýmagy bilen başlandy. Mundan ozal Pony.ai-yň awtonom taksileri üçin Toyota we Lexus markalarynyň Sienna we RX450h ýaly modelleri ulanylypdy.
Hyzmatdaşlar taslamanyň gerimini has-da giňeltmegi meýilleşdirýär: 2026-njy ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň uly şäherleriniň ýollaryna müňlerçe bZ4X robotaksisi çykar. Pony.ai-yň awtonom ulaglar parky 2024-nji ýyldaky 200 sany ulagdan 2025-nji ýylyň ahyryna çenli 1 000-e ýetdi, 2026-njy ýylda bolsa 3 000-e ýetmek göz öňünde tutulýar. Uzak möhletli geljekde bolsa kompaniýa 2030-njy ýyla çenli öz parkyny 100 000 ulaga ýetirmegi we girdeji gazanyp başlamagy maksat edinýär.


düýn 14:05
3.6k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......