Türkmenistanyň welaýatlarynda birnäçe etraplaryň häkimleri täzelendi

  • 14.02.2026 12:09
  • 23k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 13-nji fewralda, anna güni geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň birnäçe etraplarynyň häkimlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky resminamalara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda:
Ahal welaýaty boýunça:

  • Özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin Ýazmyradow Guwançmyrat Orazmyradowiç Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Kerwen Allaberdiýewiç Çaryýew bu etrabyň häkimi wezipesine bellenildi.
  • Çarygeldi Çarlyýew Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Nurberdi Myratgeldiýewiç Kakabaýew bu wezipä bellenip, ol «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
  • Özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin Welmyradow Mekan Gurbangeldiýewiç Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Azat Annanurowiç Atajanow bu wezipä bellenildi.
  • Ezizgeldi Myratgeldiýewiç Muhammetgeldiýew Sarahs etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Balkan welaýaty boýunça:

  • Aşyrmyrat Musakowiç Öwezow Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Akmämmet Gurbanmämmedowiç Garajaýew bu etrabyň häkimi wezipesine bellenildi.
  • Başga işe geçmegi sebäpli Didar Annamämmedowiç Meredow Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Meýlis Mergenowiç Mergenow bu wezipä bellenip, ol Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
  • Abdyrahman Seýitniýazowiç Babaniýazow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesine bellenip, ol Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
  • Halatberdi Ýazberdiýewiç Allaberdiýew Esenguly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Yslam Nyýaz ogly Aşyrow bu etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
  • Amanmyrat Amandurdyýewiç Orazow Etrek etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
  • Annanepes Baýramgeldi ogly Nepesow Gyzylarbat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Daşoguz welaýaty boýunça:

  • Baýmyrat Aşyrdurdyýewiç Handurdyýew Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Merdan Saparbaýewiç Oraýew bu etrabyň häkimi wezipesine bellenildi.
  • Serdar Amanbaýewiç Durdyýew we Şatgeldi Öwezgeldiýewiç Ataýew Gubadag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildiler.

Lebap welaýaty boýunça:

  • Ylýas Baýramowiç Öwezow Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Rüstam Allaberdiýewiç Allaberdiýew bu etrabyň häkimi wezipesine bellenip, ol Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
  • Azat Jumamuradowiç Amandurdyýew Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Begenç Saparmamedowiç Mamedbaýew bu wezipä bellenip, ol Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
  • Hojambaz etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek şu etrabyň häkiminiň orunbasary Nureddin Batyrowiç Saýypowyň üstüne ýüklenildi.

Mary welaýaty boýunça:

  • Muhammetdurdy Rahmatullaýewiç Mämiýew Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Şagylyç Şagulyýewiç Berdiýew Ýolöten etrabynyň häkimi wezipesine bellenip, ol Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
  • Maksat Kakabaýewiç Amanmyradow Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Maksatmyrat Agamyradowiç Saparmyradow bu wezipä bellenip, ol Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
  • Merdan Amanberdiýewiç Çotanow Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Nagmat Ýazmuhammedowiç Hümmedow we Sapargeldi Gurbangeldiýewiç Hommadow bu etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildiler.
  • Begenç Atamyradowiç Orazberdiýew Oguzhan etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

düýn 22:17
733

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......