«Real» UEFA bilen ylalaşyk gazanyp, Superligadan çykdy

  • 13.02.2026 16:27
  • 7.1k+

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) we Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy (ECA) bilen Superliga taslamasyna gatnaşmak bilen baglylykda ylalaşyk gazanandygyny habar berdi.
«Ýewropa futbolynyň bähbitleri ugrunda birnäçe aýlap dowam eden ara alyp maslahatlaşmalardan soň, UEFA, Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy we Madridiň “Realy” Ýewropanyň klub futbolynyň bähbidine gönükdirilen esasy ylalaşygyň gazanylandygyny yglan edýär» – diýip, «Realyň» resmi saýtyndaky beýanda aýdylýar.
Şeýle-de, habarda: «Bu ylalaşyk, gutarnykly çözgüt tapylandan soň, Ýewropa Superligasy bilen baglanyşykly ýüze çykan hukuk dawalarynyň çözülmegine hem hyzmat eder» diýlip bellenilýär.
Ispan KHBS-iniň bellemegine görä, ylalaşygynyň gazanylmagy «Real Madridiň» de-fakto (iş ýüzünde) Superligadan çykandygyny aňladýar. Mundan ozal, 7-nji fewralda «Barselona» hem şeýle karara gelendigini mälim edipdi. Şunlukda, taslamada indi hiç hili klub galmady.
Superliganyň döredilýändigi barada 2021-nji ýylyň aprelinde yglan edilipdi. Ilkibaşda täze ýaryşyň başlanýandygyny Ýewropanyň 12 sany kluby öňe sürdi. Emma tiz wagtdan taslamadan ähli iňlis toparlary, soňra bolsa Milanyň «Interi» we Madridiň «Atletikosy» çykdy. Ýaryş FIFA, UEFA, milli assosiasiýalar, futbol jemgyýetçiliginiň wekilleri we janköýerler tarapyndan ýiti tankyda sezewar boldy. Soňra Italiýanyň «Ýuwentus» kluby hem sanksiýalaryň basyşy astynda Superligadan çykmak ugrundaky işlere başlapdy.


düýn 23:46
1.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
1.4k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.1k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 15:45
10k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......