Gulakdaky göz: AirPods-yň täze nesli «görmek» ukybyna eýe bolar

  • 13.02.2026 12:26
  • 2.7k+

Apple kompaniýasy AirPods gulaklyklary üçin düýpli täzelemeleri taýýarlaýar. Gulaklyklaryň indiki modeli Face ID ulgamynda ulanylýan kameralaryň kämilleşdirilen görnüşi bolan infragyzyl kameralar bilen enjamlaşdyrylar. TF International Securities-iň analitigi Ming-Çi Kuonyň habar bermegine görä, täze kameralar selfi düşürmek üçin däl-de, eýsem gulaklyklaryň daş-töweregi «görüp», eliň yşaratlaryna jogap bermegi üçin hyzmat eder.
Täze AirPods gulaklyklary Vision Pro äýnekleri we Apple-yň geljekki enjamlary bilen doly utgaşykly işlär. Bu hem öz gezeginde giňişlikdäki sesiň has gowy kabul edilmegine mümkinçilik döreder. Mysal üçin, Vision Pro-da wideo görýän wagtyň kelläňi haýsydyr bir tarapa öwürseň, şol tarapdan gelýän ses güýçlenip, ony has aýdyň eşitmäge kömek eder.

Gulaklyklar üçin infragyzyl datçikleri Foxconn kompaniýasy öndürer. Meýilnama boýunça ýylda 18–20 million datçik öndüriler, diýmek, takmynan 9–10 million jübüt gulaklyk çykarylmaly. Analitik bu täzeligiň gulaklyklaryň esasy görnüşinde däl-de, eýsem AirPods Pro modelinde boljakdygyny-da belledi.
Bu täze tehnologiýa Apple-yň giňişleýin hasaplamalar ulgamyndaky ornuny berkitmäge we ses hem-de hereket arkaly dolandyryşda ulanyjy tejribesini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilendir.


09.06.2026 23:04
2.3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

28.05.2026 23:53
6k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....