Ertekiler dünýäsine syýahat: "Jadyly agaç bilen ýokary" filminiň ilkinji treýleri çykdy

  • 14.02.2026 10:40
  • 1.8k+

Entertainment Film Distributors kompaniýasynyň YouTube kanalynda iňlis ýazyjysy Enid Blaýtonyň klassyky eseri esasynda surata düşürilen "The Magic Faraway Tree" («Вверх по волшебному дереву») filminiň resmi treýleri köpçülige hödürlendi.

Filmde baş keşpleri halkara derejesinde tanalýan meşhur aktýorlar janlandyrýar: Kler Foý ("The Crown" seriýasyndaky şa zenany Ýelizawetanyň keşbi bilen tanalýar); Endrýu Garfild ("Täze Möý-adam" filmi bilen meşhurlyk gazanan).
Taslamanyň režissýorlygyny Ben Gregor öz üstüne aldy, ssenarisini bolsa "Paddington 2" filmi bilen tanalýan Saýmon Farnabi ýazdy.
Film şäherden oba göçüp gelen we özara gatnaşyklaryny täzeden gurmaga synanyşýan bir maşgala barada gürrüň berýär.
Gahrymanlar täze öýleriniň golaýynda syrly we adaty bolmadyk bir agajy tapýarlar.
Agaç dürli jadyly dünýälere açylýan gapy bolup çykýar. Maşgala agajyň iň ýokarsyna çykyp, her gezek täze we geň dünýälere aralaşýar.
Filmiň esasy bolup hyzmat edýän Enid Blaýtonyň "Jadyly agajyň taryhy" atly ilkinji kitaby 1939-njy ýylda çap edildi. Ýazyjy bu dünýäniň şonça ýyldan soň hem meşhurlygyny ýitirmän gelýändigini subut edip, dowam hökmünde ýene üç sany kitabyny ýazypdy.
Filmiň beýleki keşplerinde Nikola Koklan, Nonso Anozi we Rebekka Fergýuson ýaly tanalýan şahsyýetler çykyş edýär.


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....