Türkmenbaşy, Mary we Türkmenabat şäherleriniň häkimleri täzelendi

  • 14.02.2026 12:04
  • 15k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda welaýat merkezi bolan şäherleriň häkimlerinde wezipe üýtgeşmelerini geçirdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda:

  • Kakageldi Atajanowiç Saryýew Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy. Artyk Çaryýewiç Bäşimow Mary şäheriniň häkimi wezipesine bellenip, ol Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
  • Guwanç Hemrakulyýewiç Bazarow Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy. Erkin Ýaňybaýewiç Açylow bu wezipä bellenip, ol Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
  • Amangeldi Isaýew Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy. Nyýazjan Baýramberdiýewiç Nyýazjanow bu şäheriň häkimi wezipesine bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Jumanar Annaýew Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Didar Annamämmedowiç Meredow bu wezipä bellenildi. 


düýn 11:28
558

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......