Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna gözegçilik edýän täze wise-premýer bellenildi

  • 14.02.2026 06:38
  • 13k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça orunbasary Batyr Amangeldiýewiç Amanowy wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutany bu çözgüdi Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda yglan etdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ýeri gelende belläp geçsek, Amanow bu wezipäni 2023-nji ýylyň maý aýyndan bäri ýerine ýetirýärdi.
Döwlet Baştutanynyň Permany bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Welnazarowiç Agajanow şol bir wagtyň özünde wise-premýer wezipesine bellenildi.

Prezident täze wise-premýere ýüzlenip, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny 2026-njy ýylda hem döwrebap derejede ösdürmek, tebigy gazyň daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmak we ugurlaryny köpeltmek, nebit ýataklaryny netijeli özleşdirmek, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
«Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, aýratyn-da, onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçli depginde alyp barmak, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermek möhümdir» diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Şeýle-de Serdar Berdimuhamedow gazylyp alynýan ýerasty baýlyklaryň geologiýa gözleg-barlag işlerini güýçlendirmegi, nebitgaz ylmyny kämilleşdirmegi, daşary döwletleriň abraýly ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegi, bu ugurda hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere üns bermegi tabşyrdy.


düýn 22:20
2.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....