ÝB ýewronyň ornuny güýçlendirmek we dollary gysyp çykarmak meýilnamasyny taýýarlaýar

  • 13.02.2026 14:47
  • 8.4k+

Ýewropa zolagyna girýän ýurtlaryň maliýe ministrleri halkara hasaplaşyklarynda we bergi borçnamalaryny çykarmakda ýewronyň ornuny giňeltmek boýunça strategiýalary öwrener. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, Ýewropa Bileleşigi ABŞ we Hytaý bilen bäsdeşligiň ýitileşýän şertlerinde maliýe özbaşdaklygyny berkitmäge we dollara bolan garaşlylygy azaltmaga çalyşýar.
Göz öňünde tutulýan çäreleriň arasynda energetika, çig mal, awiagatnawlar we goranmak senagaty ýaly pudaklaryň esasy gatnaşyjylary bilen gepleşikleri dikeltmek bar. Gepleşikleriň düýp özeni Ýewropanyň puluna artykmaçlyk bermek bilen, bahalary kesgitlemäge we döwlet satyn alyşlaryna bolan çemeleşmelere täzeden garamakdan ybarat.
Energiýa serişdeleri bilen iri üpjün edijilere aýratyn üns berilýär. ÝB olaryň hasaplary ýewroda çykarmagyny gazanmaga çalyşýar. Şeýle hem Brýussel üçünji ýurtlary we kompaniýalary ýewroda nominirlenen obligasiýalary çykarmaga höweslendirmegi meýilleşdirýär.
Ýewropa Bileleşigi ykdysady çökgünlikler döwründe ABŞ-nyň «dollar likwidligini bermäge döwtalap bolmazlygyndan» howatyrlanýar. Muňa alternatiwa hökmünde hyzmatdaşlara ýewroda likwidlige elýeterlilik hödürlenip bilner.
Ýewropanyň Merkezi bankynyň başlygy Kristin Lagard düzgünleşdirijiniň Ýewropa zolagynyň daşyndaky merkezi banklar üçin öz gurallarynyň özüne çekijiligini artdyrmagyň üstünde işleýändigini mälim etdi. Ol söwdada ýewro geçilmeginiň tranzaksiýa çykdajylaryny azaltjakdygyny we eksportçylary walýuta nyrhlarynyň üýtgemeginden gorajakdygyny hem belledi.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....