1.9k+

Türkmenistanda kartografiýa boýunça I internet-olimpiada geçiriler

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň geodeziýa kafedrasy guramagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda kartografiýa boýunça I internet-olimpiada geçiriler. Olimpiada gatnaşmaga taýýarlygyň dürli ugurlary we hünärleri boýunça bilim alýan ähli gyzyklanma bildirýän talyplar çagyrylýar...

2.7k+

Netflix “Awataryň” ikinji möwsümi çykmanka üçünjisini düşürip tamamlady

Netflix “Awatar: Aang hakynda rowaýat” (Аватар: Легенда об Аанге) serialynyň üçünji möwsümini düşürmek işleriniň tamamlanandygyny mälim etdi. Işler maý aýynyň ahyrynda başlady we alty aý töweregi dowam etdi. Şol bir wagtyň özünde, üçünji möwsüm 2026-njy ýylyň başynda çykjak ikinji möwsüm bilen ugurdaş düşürildi...

1.5k+

“V – diýmek Wendetta” seriala öwrüler

HBO we Warner Bros. Television “V – diýmek Wendetta” (V — значит Вендетта) antiutopik trillerine esaslanýan serialyň üstünde işleýär. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Serial üçin ssenarini Pit Jekson ýazar...

6.3k+

Aşgabatdaky orta hünär okuw mekdebi “Biçimçi-tikinçi” hünäri boýunça gysga möhletli okuwlara çagyrýar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi isleg bildirýänleri “Biçimçi-tikinçi” hünäri boýunça gysga möhletli okuwlara çagyrýar. Okuwa orta bilimli, şeýle-de esasy okuwynyň daşyndan hünär öwrenmeklige isleg bildirýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary (8-nji synpdan ýokary okuwçylary) hem kabul edilýär...

3.8k+

Frensis Ford Koppola "Megalopolis" filmi şowsuz çykandan soň adasyny satdy

"Çokundyran atanyň" režissýory Frensis Ford Koppola "Megalopolis" epiki filmi çykdajylaryny ödemänden soň Belizedäki Coral Caye adasyny 1,8 million dollara satdy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Koppola filmi döretmek üçin öz jübüsinden 120 million dollar çykardy, şol sanda çakyr önümlerini satmakdan alan girdejisini hem sarp etdi...

6.4k+

Adidas 2026-njy ýyldaky futbol boýunça Dünýä çempionatynda milli ýygyndylaryň geýjek sport eşiklerini görkezdi

Adidas brendi 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynda bäsleşýän 22 milli ýygyndy üçin täze egin-eşik toplumyny hödürledi. Olaryň arasynda bu brendiň öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän Argentinanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Ispaniýanyň we Uelsiň toparlary bar diýip, Hypebeast portaly ýazýar...

2.7k+

Mazda awtoulaglary diňe uglerod bitarap däl, eýsem uglerod otrisatel hem etmegi meýilleşdirýär

Ýaponiýanyň Mazda kompaniýasy diňe zyňyndylary nol derejä getirmek bilen çäklenmän, awtoulaglary uglerod otrisatel etmegiň üstünde hem işlejekdigini mälim etdi. The Drive neşiriniň ýazmagyna görä, konsepsiýa bioýangyç bilen işleýän we CO₂-ni siňdirýän ýörite ulgam bilen enjamlaşdyrylan ulagyň çykaryşyndan has köp kömürturşy gazyny özüne siňdirip biljekdigine esaslanýar...

8.7k+

Türkmenistan ýolagçylaryň monitoringiniň döwrebap ulgamlary arkaly serhetlerde gözegçiligi güýçlendirer

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri ýolagçy maglumatlaryny monitoringleşdirmegiň häzirki zaman ulgamlaryny ornaşdyrmaga bagyşlanan halkara duşuşyklaryna gatnaşdylar. Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin ýolagçy maglumatlary boýunça Resmi däl iş toparynyň bäşinji duşuşygy hem-de dokuzynjy bilelikdäki seminar 5–7-nji noýabr aralygynda Wenada geçirildi...

2.2k+

Aşgabatda "Türkmentel" sergisi we ITTC 2025 forumy dowam edýär

Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär...

51k+

Hytaýda ýakynda açylan 758 metrlik köpri ýykyldy

Hytaýyň Syçuan welaýatynda ýerleşýän Hunsi köprüsiniň ýol örtügi we birnäçe aralygy ýykyldy. Bu köpri welaýat sebitini Tibet platosy bilen baglanyşdyrýardy. Köpriniň gurluşygy 2025-nji ýylyň başynda tamamlanypdy...

2.2k+

Niger Respublikasynyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

12-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Niger Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Seýdu Zatu Aly bilen duşuşyk geçirdi...

5.9k+

Aýdymçy Dua Lipa deriniň idegi üçin kosmetika toplumyny çykardy

Britaniýaly aýdymçy Dua Lipa özüniň Dua atly täze ideg kosmetika liniýasyny çykardy diýip, Hypebae portaly habar berýär. Bu kolleksiýa kosmetika brendi Augustinus Bader Science bilen hyzmatdaşlykda döredildi. Oňa üç sany serişde girýär: derini arassalaýjy krem — Balancing Cream Cleanser, deri öýjüklerini täzeleýji krem — Renewal Cream we derini ýalpyldadýan toplum — Supercharged Glow Complex...

5.6k+

Alymlar günebakar unundan düzüminde köp mukdarda belok saklaýan et önümini döretdiler

Braziliýadan we Germaniýadan alymlaryň topary etiň ornuny çalşyp biljek innowasion önümi işläp taýýarladylar. Bu önüm üçin esasy çig mal hökmünde günebakar uny ulanyldy diýip, ScienceDaily ýazýar. Barlag prosesinde alymlar ilki bilen günebakar tohumlaryndan ýag çykardylar, soňra uny gabygyndan we käbir fenollardan arassaladylar — bu minerallaryň we beloklaryň özleşdirilmegini gowulandyrdy...

5.7k+

Türkiýede 8000 ýyllyk gaýa suratlary tapyldy

Türkiýäniň Erjiýes dagynyň etegindäki Deweli sebitinde arheologlar, takmynan, 8000 ýyllyk gaýa suratlaryny tapdylar diýip, Kaýseri welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk müdirliginiň portaly habar berdi. «Bu gaýa ýazgylary — adam hyýalynyň iň irki ýüze çykan nyşanlaryndan biridir...

4k+

“Dýuna 3” filminiň surata düşürilişi tamamlandy

Internetde “Dýuna” franşizasynyň üçünji bölüminiň surata düşüriliş işleriniň tamamlanandygy barada habar berildi. Film 2026-njy ýylyň 18-nji dekabrynda kinoteatrlarda görkeziler. Baş keşplerde ýene-de Timoti Şalame, Zendeýa, Florens Pýu, Joş Brolin, Anýa Teýlor-Joý we beýleki aktýorlar çykyş ederler...

3.1k+

Britaniýaly aýdymçy Adel ilkinji gezek kinoda surata düşer

Britaniýaly aýdymçy Adel ilkinji gezek kinoda surata düşer. Ol režissýor we prodýuser Tom Forduň “Asmana bakyp ýygla” filminde baş keşpleriň birini ýerine ýetirer diýip, Variety habar berýär. Film Enn Raýsyň 1982-nji ýyldaky adybir romany esasynda surata düşüriler...

5k+

Maýamide bitkoiniň döredijisi Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi goýuldy

ABŞ-nyň Maýami şäherinde bitkoiniň döredijisi hökmünde tanalýan Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi açyldy. Bu heýkel şu ýylyň 10–12-nji noýabry aralygynda Floridada geçirilen “Cantor Crypto & AI Infrastructure Conference” çäresiniň çäklerinde tanyşdyryldy...