Türkmenistan Minsk şäherindäki kitap ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy

  • 18.03.2026 20:05
  • 3.2k+

Türkmenistanyň ilçihanasy 17-nji martda açylan XXXIII Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy. Bu barada Orient habarlar agentligi habar berýär.

Şu ýyl bu forum Belarusyň paýtagtynyň administratiw toplumynda geçirilýär we oňa 23 ýurtdan 500-e golaý gatnaşyjy ýygnandy. Çäräniň esasy mowzuklarynyň biri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döredilmeginiň 35 ýyllygy boldy. Diplomatik wekilhanalar tarapyndan taýýarlanan milli pawilýonlar gelýän myhmanlara dürli ýurtlaryň edebiýaty we medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Türkmen diwarlygynyň esasyny Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň eserleri düzdi. Şeýle hem ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan neşirler görkezildi. Türkmen nusgawy şahyrlarynyň daşary ýurt dillerine terjime edilen eserleri pawilýonda aýratyn orun aldy.

Diwarlygy elde dokalan halylar we milli nagyşly lybaslar has-da baýlaşdyrdy. Sergä gelýänler kitaplar, döwürleýin neşirler bilen tanşyp, ýurduň döwrebap binalaryny we medeni mirasyny görkezýän fotosuratlara syn edip biler.

Sergi 22-nji marta çenli dowam eder.


şu gün 10:55
3.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
6.9k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.5k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......