Ilkinji uçuşynda kösenmez ýaly gaýnynyň torbasyna giýewsi QR-kodly hat ýelmedi

  • 18.03.2026 16:48
  • 8.3k+

Hytaýyň Sian şäheriniň ýaşaýjysy Çžao Çen ömründe birinji gezek ýeke özi ýola çykýan gaýynenesine kömek etmegiň täsin usulyny oýlap tapdy.

60-dan geçen zenan sowatsyzlygynyň üstüne, Hytaýda iň giň ýaýran gepleşik dili bolan mandarin dilinde hem gepläp bilmeýärdi. Howaýollary kompaniýasynda ýörite ugrukdyryjy hyzmatynyň ýokdugy sebäpli, Çžao Çen bu meseläni özi çözmegi ýüregine düwýär we gaýnenesiniň ýoltorbasyna uçuş maglumatlary, ýagdaýyň düşündirişi we zerur wagtynda kömek bermek sorap ýazylan uly haty ýelmeýär.

Ol hatynda «Eger ony görseňiz, haýyş edýärin, kömek ediň we özüňizi Çžao Çeniň dosty hökmünde tanyşdyryň. Çaparyň telefon belgisi onuň jübüsindedir. Gyssagly ýagdaý ýüze çykanda, ýanyndaky gyzyl kartyň üstündäki QR-kody skanirlemegiňizi towakga edýärin» diýip ýazýar.

Soňra ýgit bu barada sosial ulgamlarda habar ýerleşdirýär we ol bary-ýogy iki sagadyň içinde bir milliondan gowrak adam tarapyndan okalýar. Netijede şol uçuş bilen ugraýan 21 ýaşly Leý atly talyp bu zenana kömek etmäge taýýardygyny bildirýär. Talyp uçuş wagtynda zenanyň gowuşgynsyzlyk tapan pursady oňa ýardam berýär we uçuşdan soň ony garaşyp duran ogluna elin gowşurýar. Ol hyzmat aňyrda dursun, hatda taksi üçin hödürlenen puldan hem ýüz öwürýär.

Aslynda Çžao Çen 11 ýyl bäri garry adamlara kömek edýän meýletinçi hökmünde tanalýar. Gyzyl kart we QR-kod baradaky pikir hem oňa degişli. Ol köçede garrylara kömek etmäge çykanda, özi hem şeýle karty ýany bilen göterýär.


düýn 14:01
5.9k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
9.2k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......