Messi karýerasynda 900-nji goluny geçirdi. Munuň üçin oňa Ronaldudan az wagt gerek boldy

  • 19.03.2026 15:56
  • 11k+

«Inter Maýami» toparynyň hüjümçisi Lionel Messi karýerasynda 900-nji goluny geçirdi. Ol özüniň ýubileý goluny KONKAKAF Çempionlar kubogynyň çäginde «Neşwill» toparyna garşy geçirilen oýunda (hasap 1:1) derwezä girizdi.

Argentinaly hüjümçä bu sepgide ýetmek üçin 1142 oýun gerek boldy — bu futbol taryhyndaky iň çalt görkezijidir. Deňeşdirme üçin aýtsak, Kriştianu Ronaldu 900-nji goluna özüniň 1236-njy oýnunda ýetipdi.

Messi bu rekordy 38 ýaş 268 gün diýlende goýdy. Ronaldu bolsa bu sepgide 39 ýaş 213 günde barypdy.

Messiniň dürli toparlarda we milli ýygyndysynda geçiren gollarynyň sanawy:

  • 672 gol — «Barselona» üçin;
  • 32 gol — «PSŽ» üçin;
  • 81 gol — «Inter Maýami» üçin;
  • 115 gol — Argentina milli ýygyndysy üçin.

Hüjümçiniň bu uly üstünligine garamazdan, «Inter Maýami» topary KONKAKAF Çempionlar kubogyndaky ýaryşyny tamamlady.

Karýerasynyň dowamynda argentinaly ýyldyz sekiz gezek «Altyn top» baýragynyň eýesi boldy. Umumy gollarynyň sany boýunça ol diňe Kriştianu Ronaldudan yza galýar, emma penaltileri hasaba almazdan geçirilen gollarynyň sany boýunça eýýäm ondan öňe geçmegi başardy.


düýn 16:49
5.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
5.8k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.3k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.5k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....