Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ilkinji gezek hususy pudagyň sergisine gatnaşýar

  • 18.03.2026 15:33
  • 3.2k+

Türkmenistanyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ilkinji gezek döwlete dahylsyz pudagyň sergisine gatnaşýar. 2025-nji ýylda döredilen bu ýokary okuw mekdebi sergidäki diwarlygynda ýaş telekeçileriň geljegi uly taslamalaryny we uniwersitetiň gazanan üstünliklerini myhmanlara tanyşdyrýar.

«Bu sergä ýokary okuw mekdebimiziň ilkinji gezek gatnaşmagy mugallymlarymyz we talyplarymyz üçin tolgundyryjy hem buýsandyryjy pursatdyr. Biz bu ýerde talyp ýaşlarymyzyň ýerine ýetiren, bäsleşiklerde baýraklary orunlary eýelän taslama işlerini, şol sanda talyplaryň häzirki wagtda öndürýän sabyn önümlerini görkezýäris. Mundan başga-da, sergä gatnaşyjylary barlaghanalarymyzda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri bilen tanyşdyrýarys» – diýip, uniwersitetiň mugallymy Tyllagözel Muhammedowa TmCars bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Gürrüňiniň dowamynda mugallym uniwersitetde ýaş telekeçileri taýýarlamak we olaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmak ugrunda geçirilýän işler, ýurduň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen guralýan tejribe alşyklary barada durup geçdi.

«Ýaş telekeçileriň alan bilimlerini tejribede özleşdirmegini, şeýle-de ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçileriniň işleri bilen ýakyndan tanyşmagyny gazanmak maksady bilen zawod-fabriklerde yzygiderli göçme sapaklar guralýar. Ol ýerde talyplar döwrebap enjamlar, innowasion tehnologiýalar we işiň guralyşy bilen tanyşýar. Hünärmen telekeçileriň uniwersitete gelip, talyp ýaşlara öz tejribeleri barada sapak bermegi bolsa halypa-şägirtlik ýolunyň ösdürilmegine ýardam edýär».

Tyllagözel Muhammedowa häzirki wagtda dowam edýän serginiň hem ýaşlaryň okaýan hünärlerine bolan höwesini artdyrmakda we olaryň dünýägaraýşyny giňeltmekde uly mümkinçilikdigini nygtady. Ol talyp ýaşlaryň geljekde öz başarnyklary bilen ýurduň ykdysady ösüşine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. 


düýn 22:13
3.3k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

17.06.2026 11:37
4.6k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
1.9k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......