xAI Grok ulgamyna maliýe pudagyny öwretmek üçin bankirleri işe alýar

  • 18.03.2026 21:49
  • 2.8k+

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy Grok neýroulgamyny kämilleşdirmek üçin maliýe bilermenlerini we bankirleri işe kabul edip başlady. Kompaniýanyň şeýle etmek bilen maksady bu çat-boty çylşyrymly maliýe amallaryny, şol sanda kärhanalaryň birleşdirilmegi we satyn alynmagy ýaly amallary seljerýän gurala öwürmekdir.

Işe treýderler, karz hünärmenleri we portfel dolandyryjylary çekilýär. Olar maglumatlary taýýarlaýarlar hem-de ulgama maliýe modelirlemesini, kriptowalýuta we gazna bazarlary bilen işleşmegi öwredýärler. Bu hünärmenler «IIM-týutorlar» (AI-tutors) hökmünde çykyş edip, esasy ünsi bergi we paýdar maýasyna gönükdirýärler.

Mundan öň OpenAI kompaniýasy hem «Project Mercury» atly şuňa meňzeş taslama başlapdy. Olar iri maliýe guramalaryndan sagatlaýyn tölegine takmynan 150 dollar bermek şerti bilen, 100-den gowrak öňki bankirleri işe aldylar. Şol bir wagtda xAI-da hünärmenler sagadyna 45 dollardan 100 dollara çenli hak alýarlar.

Iki kompaniýa hem kiçi seljerijileriň ýerine ýetirýän wezipelerini — IPO seljermesini, maliýe modellerini we gaýtadan gurnamak düzgünlerini awtomatlaşdyrmaga çalyşýarlar. Grok ulgamyna obligasiýalar bilen işlemek, Excel-de modeller döretmek, söwda strategiýalaryny düzmek we blokçeýni seljermek öwredilýär.

2026-njy ýylyň başynda Grok 4.20 modeli «Alpha Arena» ýaryşynda maýanyň 10–12% artandygyny görkezdi. Bilermenleriň pikiriçe, şeýle tehnologiýalar maliýe seljerijileriniň wezipeleriniň 30%-ne çenlisini awtomatlaşdyryp we banklaryň çykdajylaryny takmynan 25% azaldyp biler.


20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......