Dünýäniň iň çuň ýerasty marafony Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

  • 18.03.2026 16:06
  • 3.9k+

Şwesiýanyň Garpenberg şäherinde ýeriň takmynan 1100 metr çuňlugynda geçirilen ylgaw ýaryşy dünýäniň iň çuň ýerasty marafony hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna hasaba alyndy.

Marafonyň uzynlygy adaty ölçegde, ýagny 42,2 km boldy. Trassanyň iň pes nokady bolsa ýeriň 1118 metr aşagynda ýerleşdi. Gatnaşyjylar badalga çyzygyna ýetmek üçin liftde takmynan 3 minut aşak düşmeli boldular.

Bu çuňluk Beýik Britaniýanyň iň belent nokady bolan Ben-Newis dagynyň we dünýäniň iň uly şaglawuklarynyň biri bolan Wenesueladaky Anhel şaglawugynyň beýikligi bilen deňdir.

Aslynda bu ýaryş geçen ýylyň oktýabr aýynda geçirilipdi, emma Ginnesiň rekordlar kitaby ony diňe häzir resmi taýdan hasaba aldy. Rekord goýlan ýaryşa 18 ýurtdan 55 sany türgen gatnaşdy. Ýeriň aşagy bütinleý garaňky bolany üçin, türgenler ýörite kellä dakylýan çyralary ulandylar.

Gatnaşyjylaryň biri ýaryşyň şertleri hakynda:«Ylgaw geçen ýer örän yssy, çygly hem az-kem tozanly. Ýöne özümizi gowy duýduk» diýip, gürrüň berdi.

Marafon 11 aýlawdan ybarat bolup, onuň dowamynda haýyr-sahawat maksatlary üçin 1 million dollar töweregi serişde toplandy. Ýaryşy BecomingX, ICMM we Boliden kompaniýalary gurady.

Mundan öňki şeýle görnüşli rekord Germaniýanyň Sondershauzen şahtasynda 2002-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän «Crystal Mine Underground Marathon» ýaryşyna degişlidi.


11.06.2026 10:59
7.4k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
5.2k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....