Google Android smartfonlaryň işini çaltlandyrmagyň we batareýasynyň ömrüni uzaltmagyň usuly barada aýtdy

  • 18.03.2026 16:28
  • 2.2k+

Google kompaniýasy Android ulgamly smartfonlaryň öndürijiligini ýokarlandyrmaga we batareýasynyň işleýiş wagtyny uzaltmaga gönükdirilen düýpli kämilleşdiriş işlerini geçirýär. Munuň üçin Android LLVM toolchain platformasyny we Automatic Feedback-Directed Optimization (AutoFDO) tehnologiýasyny ulanmak meýilleşdirilýär.

Android smartfonlary hemişelik usulda köp sanly fon amallaryny ýerine ýetirýärler, bu bolsa prosessoryň uly güýjüni talap edýär. AutoFDO tehnologiýasy programma kodunyň nähili ýerine ýetirilýändigini seljerýär we bu maglumatlary kompilýatora berýär. Bu bolsa ulgama programmalaryň iň köp ulanylýan ýollaryny saýlamaga we prosessoryň agramyny azaltmaga kömek edýär.

«Programma üpjünçiliginiň standart toplumynda kompilýator müňlerçe ownuk çözgütleri kabul edýär... AutoFDO kompilýatory dolandyrmak üçin kody ýerine ýetirmegiň real ssenarilerini ulanmak arkaly bu ýagdaýy üýtgedýär» diýlip, Google-yň habarynda bellenilýär.

Seljerme işleri üçin synag agramlyklaryndan, mysal üçin, 100 sany meşhur goşundynyň işledilmeginden alnan maglumatlar ulanylýar. Ýadro täzeden ýygnalandan soň, ulgam programmalaryň işini has netijeli optimallaşdyryp bilýär.

Google-yň deslapky synaglaryna görä, operasion ulgamyň ýükleniş wagty 2,1% gysgaldy, programmalaryň «sowuk» tertipde işe düşmegi bolsa 4,3% çaltlandy. Bu tehnologiýa Android ýadrosynyň iň soňky wersiýalarynda peýda bolar.


05.06.2026 23:49
2.8k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....

28.05.2026 18:53
1.1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

26.05.2026 19:15
1.5k+

Google iPhone-larda gurnalan gözlegi satyn alandygy barada kazyýet kararyna garşy şikaýat etdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kazyýetiniň «iPhone-larda» düýpden gurnalan gözleg ulgamy derejesi üçin «Apple-a» edilýän tölegleri bikanun diýip ykrar eden antimonopol kararyna garşy şikaýat berdi. Bu barada......

23.05.2026 11:13
2.6k+

Nintendo-nyň täze mobil goşundysy suratlary oýunlara öwürmäge mümkinçilik berer

Nintendo kompaniýasy iOS we Android ulanyjylaryna suratlary mini-oýunlara öwürmäge mümkinçilik berýän «Pictonico!» atly goşundysyny çykarar....