Netflix Frida Kalo we Diego Riweranyň durmuşy barada serial surata düşürer

  • 18.03.2026 15:04
  • 1.4k+

Netflix meksikaly zenan suratkeş Frida Kalo we onuň adamsy Diego Riweranyň durmuşy barada täze serialyň üstünde işläp başlady» diýip, Deadline neşiri habar berýär. Taslama Kler Berestiň «Gara reňk ýok, bolmazam» (Rien n'est noir) atly romanyna esaslanar.

Serialda iki suratkeşiň arasyndaky çylşyrymly gatnaşyklar — söýgi, biwepalk we döredijilik şol döwrüň syýasy hem-de jemgyýetçilik ýagdaýlary bilen utgaşykly görkeziler.

Serialyň ssenariýasyny Mariýa Rene Prudensio ýazýar. Režissýorlyk işine bolsa «Jek Raýan» serialy bilen belli Patrisia Riggen we «Narko» (Narcos) taslamasynyň üstünde işlän Gabriel Ripstaýn jogap berýär. Filmiň ady häzirlikçe resmi taýdan tassyklanylmadyk.

1907-nji ýylda dünýä inen Frida Kalo Meksikanyň iň meşhur suratkeşleriniň biridir. Onuň eserlerinde realizm, simwolizm we halky sungatyň elementleri täsin görnüşde jemlenýär.

Frida 18 ýaşynda agyr ulag heläkçiligine uçrap, oňurgasy üç ýerinden, ýanbaş süňkleri, gapyrgalary we aýagy döwülýär. Şondan soň ol birnäçe ýyllap düşege baglanýar we ömrüniň ahyryna çenli yza çekip ýaşamaga mejbur bolýar.  1929-njy ýylda ol özüniň kärdeşi, meşhur suratkeş Diego Riwera durmuşa çykýar. Olaryň döredijilik basdaşlygyna we galagop wakalara ýugrulan durmuşy täze filmiň esasyny düzýär. 


düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....