«Ýönekeý» Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okajaklara iň amatly şertleri üpjün edýär

  • 19.03.2026 18:11
  • 4k+

«Ýönekeý» kompaniýasy Hytaýyň, Türkiýäniň we Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde bilim almaga isleg bildirýänleri okuwa çagyrýar. Häzirki wagtda köp isleg bildirilýän ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär.

Hytaý

9-dan 16 ýaş aralygyndaky okuwçylar we dalaşgärler üçin taýýarlyk dil kurslary (podkurslar) we amatly bilim maksatnamalary hödürlenýär. Bir ýyllyk tölegleriň nyrhy 16 000–18 000 manatdan başlanýar.

18–55 ýaş aralygyndaky dalaşgärler üçin dil kurslary we bakalawr maksatnamalary elýeterlidir.

18–30 ýaş aralygyndaky dalaşgärler bakalawr görnüşindäki 200-den gowrak okuw ugruny, şeýle hem magistratura maksatnamalaryny saýlap bilerler.

Okuw hytaý dilinde, käbir uniwersitetlerde bolsa iňlis dilinde alnyp barylýar. Kompaniýa CSCA synagyna taýýarlanmakda we ony tabşyrmakda hem ýardam berýär.

Türkiýe

Iň amatly bahalardan taýýarlyk kurslary, şeýle hem 17–25 ýaş aralygyndaky dalaşgärler üçin bakalawr maksatnamalary hödürlenýär. Stambulda we ýurduň beýleki şäherlerinde ýerleşýän abraýly uniwersitetleri saýlamak mümkinçiligi bar.

Malaýziýa

Ýurduň paýtagty Kuala-Lumpurda iňlis dilinde okamak üçin köp isleg bildirilýän ugurlar elýeterlidir. Okuwlara gönümel I kursdan başlap bolýar.

«Ýönekeý» kompaniýasy däläşgärler üçin hyzmatyň 15-den gowrak görnüşini hödürleýär:

  • Müşderiniň islegine görä ugur saýlamak;
  • Zerur resminamalaryň ählisini resmileşdirmek;
  • Wiza almak;
  • Tutuş okuw döwründe (4 ýyla çenli) ýaşajak ýeri bilen üpjün etmek;
  • Hytaý üçin CSCA testine taýýarlanmaga kömek;
  • Resminamalary terjime etmek;
  • Okuw maksatnamalaryny we ýokary okuw jaýlary saýlamak boýunça maslahat;
  • Okuwa girilýän we okuwa başlanýan döwürde hemra bolmak;
  • Uýgunlaşmaga goşmaça kömek we beýleki hyzmatlar.

«Ýönekeý» hödürleýän ähli hyzmatlarynyň netijeliligini kepillendirýär. Ähli hyzmatdaş uniwersitetler resmi sanawa giren bolup, olaryň diplomlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan doly ykrar edilýär.

Hyzmatdaşlyk edilýän uniwersitetleriň hemmesi resmi sanawa girýär, olaryň diplomlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hem doly ykrar edilýär.
Talyplar üçin amatly bolar ýaly maşgala agzalaryndan VISA kartyna yzygiderli pul geçirilmegi arkaly maliýe goldawyny almak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulan.

Kompaniýanyň ofisleri üç şäherde: Aşgabat, Mary we Türkmenabat şäherlerinde ýerleşýär.

Okuwlaryň tölegleri, okuw maksatnamalary hem-de uniwersitetleriň aýratynlyklary barada has giňişleýin maglumatlary resmi portalda alyp bilersiňiz: hytay.com


18.06.2026 18:15
3.1k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.5k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......