Britaniýanyň ilçisi we ÝUNISEF-iň wekili Aşgabatdaky synag inklýuziw mekdebine baryp gördi

  • 19.03.2026 19:47
  • 4k+

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon we ÝUNISEF-iň wekili Jalpa Ratna Aşgabat şäherindäki 74-nji synag inklyuziw mekdebine baryp gördi. Bu sapar Beýik Britaniýanyň hökümetiniň Britan halkara ösüş agentligi (UK International Development) tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistanda maýyplygy bolan çagalar üçin elýeterli we inklyuziw mekdepler» taslamasynyň çäklerinde amala aşyryldy diýip, THP habar berýär. 

Myhmanlar mekdepde maýyplygy bolan çagalaryň deň-duşlary bilen deň derejede bilim almagy üçin döredilen şertler we okuw gurşawynyň uýgunlaşdyrylyşy bilen ýakyndan tanyşdy.

Saparyň dowamynda halkara wekilleri mekdep ýolbaşçylary we Bilim ministrliginiň hünärmenleri bilen duşuşyp, inklyuziw bilimiň gazananlaryny we öňde duran meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Şeýle-de, olar synplara baryp görüp, bu ýerde okuwçylaryň inklýuziw biliminiň iş ýüzündäki netijeleriniň şaýady boldy. Aýratyn-da, autizm spektriniň bozulmasy bolan çaganyň ejesiniň öz oglunyň jemgyýetçilik gatnaşyklarynda we özüne bolan ynamynda gazanan ösüşleri baradaky gürrüňleri saparyň iň täsirli pursatlarynyň biri boldy. Bu ene synpda mugallymyň kömekçisi hökmünde-de çykyş edip, taslamanyň çäginde ornaşdyrylýan täze çemeleşmäniň netijeliligini görkezdi.

Şeýle-de, myhmanlar çagalaryň gündelik durmuşyna, interaktiw okuwlaryna, tanslaryna we şadyýan maşklaryna syn etdi. Bu çäre çaganyň mekdebe däl-de, mekdebiň çaga uýgunlaşmagynyň her bir okuwçynyň ösüşi üçin nähili ähmiýetlidigini ýene bir gezek tassyklady. ÝUNISEF we Beýik Britaniýa Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda hiç bir çaganyň ünsden düşürilmän, hemme çagalaryň elýeterli bilim almagyny üpjün etmek ugrundaky işlerini dowam etdirýär.


düýn 18:59
2.1k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

düýn 16:18
720

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......

12.06.2026 18:12
6k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....

12.06.2026 16:37
5.3k+

Döwlet Baştutany TYA-nyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça......