20,6 mln tomaşaçy toplan «Ýelloustonyň» spin-offy derrew 2-nji möwsüme uzadyldy

  • 18.03.2026 16:00
  • 2.2k+

CBS teleýaýlymy «Marşallar» atly dramatik serialynyň premýerasyndan bary-ýogy 12 gün geçensoň, ony ikinji möwsüme uzaltmak barada karar kabul etdi. Bu barada Variety neşiri habar berýär.

Bu karar taslamanyň rekord derejedäki ýokary reýtingleriniň esasynda alyndy. Serialyň ilkinji bölümi 1-nji martda ekrana çykdy we birinji hepdede CBS hem-de Paramount+ platformalarynda 20,6 million tomaşaçyny özüne çekdi.

Bu görkeziji 2017-nji ýyldan bäri NFL ýaýlymlarynyň goldawy bolmazdan, efir dramatik seriallarynyň arasynda iň gowy netijedir. Mundan başga-da, «Marşallaryň» ilkinji bölümi Paramount+ striming platformasynyň taryhynda CBS-iň iň köp tomaşa edilen taslamasy boldy.

Serialyň wakalary Keýsi Dattonyň (keşbi Lýuk Graýms janlandyrýar) töwereginde bolup geçýär. Bu gahryman okyjylara öňden belli bolan «Ýellouston» serialynda hem görünýärdi.

Serial ABŞ-nyň iň iri maldarçylyk fermasyna eýelik edýän Dattonlar maşgalasy barada gürrüň berýär. Taslamany döeredijiler Teýlor Şeridan we Jon Linsondyr. Ýerine ýetiriji prodýuserleriň arasynda Art Linson, Kewin Kostner, Dewid S. Glasser, Bob Ýari, Stiwen Keý, Maýkl Fridman, Kristina Woros we Kit Koks dagy bar.


düýn 23:54
746

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....